Ï Söýgi sazlary ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Söýgi sazlary ýaňlandy

view-icon 5976
Söýgi sazlary ýaňlandy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda ýaşlar kamera orkestriniň sazandalarynyň paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Söýginiň jadyly sazlary» at bilen konserti boldy.

Konserti alyp baryjy aktýor Wasiliý Andronow şahyrlaryň, ýazyjylaryň, filosoflaryň söýgi barada aýdanlaryny tomaşaçylara ýetirdi.

Ýeri gelende aýtsak, söýgi hakyndaky jümleleriň hiç biri beýlekileriň manysyny gaýtalamady, bu bolsa söýgi hakynda tükeniksiz gürleşip boljakdygyny görkezýärdi.

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestri «Söýgi temasy» sazly bilen konserti açdy.

Barri Waýtyň bu eseri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

«Unutmak gämisi» aýdymyny Maýsa Niýazowa, «Maňa söýgi hakynda aýdyp ber» aýdymyny Nury Nuryew, «Mariýa» aýdymyny Döwran Şammyew, «Men simfoniýany diňleýärin», «Anna Karenina» müziklinden «Gar tupany» aýdymlaryny Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Okdirowa ýerine ýetirdiler we olarda biri-birini söýýän iki ýüregiň owazy täsirli ýaňlandy.

Aýdymçylar diňe bir ajaýyp wokal çykyşlary bilen däl-de, eýsem çykyşlarynyň döredijilikli çeperçiligi bilen hem tomaşaçylary begendirdiler.

«Art-motion» şow-dueti bal tansynyň ajaýyp gözelligi bilen jübütleriň gatnaşyklarynyň beýikligini nygtady.

Entoni Hopkinsiň «Walsynyň» konserte goşulmagy hem garaşylmadyk ýakymly ýagdaý boldy.

Iki sagat dowam eden konsert bir örän täsirli geçdi.

Tomaşaçylar bilen hoşlaşanda Resul Gylyjow: «Söýgi iň möhüm duýgudyr, söýgimiz gün-günden berkesin we ömrümiziň ahyryna çenli dowam etsin» diýdi.