Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen meşhur italýan kompozitory we gitaraçy Antonio Onoratonyň çykyşyny gurar.
Antonio Onoratonyň aýdym-saz dünýäsinde otuz ýyllyk döredijilik tejribesi bar. Ol dünýäniň dürli medeniýetlerinden ruhlanan 30 albomyň awtorydyr.
Alym, saz taryhyny öwreniji Antonio Onoratonyň gözlegleri neapol saz diliniň sazlaşykly-mukamy özboluşly aýratynlyklarynyň afro-amerikan, Ýakyn Gündogar we Braziliýa sazy bilen utgaşmagyna esaslanýar, bu bolsa onuň hut öz saz dilini döretmegine alyp barypdyr.
Ol köp sanly saz bäsleşikleriniň baýraklarynyň eýesidir. Daşary ýurtlarda italýan medeniýetiniň ilçisi hökmünde ol ABŞ-de, Meksikada, Marokkoda, Tunisde, Türkiýede, Angliýada, Daniýada, Şweýsariýada we başga-da köp ýurtlarda saz çalyp, ony bütin dünýäde wagyz edýär. Indi bu özboluşly sazandanyň sungaty bilen ildeşlerimize tanyşmak mümkinçiligi döredi.
Italiýaly kompozitor we gitaraçy Antonio Onoratonyň çykyşy 23-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sagat 19.00-da bolar. Giriş – mugt.