Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Runak» we «Çiksaý» aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi.


Halk döredijiligi halkyň ruhudyr we ol ata-babalardan miras galan däp-dessurlary, lybaslary, joşguna beslenen aýdym-sazlary özünde saklaýar. Muňa gadymy saz gurallaryndan hem-de gadymy halk aýdymlaryndan ybarat bolan etnografik muzeýiň bir görnüşi hem diýse bolar.
Türkmenistan bilen Eýran, geografiki taýdan biri-birine ýanaşyk ýerleşýän iki dostlukly döwletdir. Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri, dostlaryň we goňşularyň biri-biri bilen gadymdan gözbaş alýan sungaty paýlaşmak üçin amatly pursatdyr.


«Runak» toparynyň artistleri öz çykyşlary bilen ilkinji pursatdan tomaşaçylary özine çekdi. Açyk ýalpyldawuk lybaslar, milli saz gurallary, ýerine ýetirijileriň owadan sesleri uzak wagtlap tomaşaçylarda ýakymly ýatlama bolup galar.
«Çiksaý» toparynyň tansçylary iki horeografiki kompozisiýany ýerine ýetirdiler.
Olaryň ýerine ýetiren çykyşlary halkyň oba durmuşy, özleriniň elde tiken aýakgaplarynda gezişleri, daýhanlaryň meýdanda işleýişleri, at münmek bilen gyzyklanyşlary we olaryň dostluk gatnaşyklary barada düşünje berdi. Bularyň hemmesi tans dilinde aýdyldy.


Tomaşaçylar daşary ýurt artistleriniň çykyşlaryny mähirli garşy aldylar.
Öz halkynyň milli sungatyna wekilçilik edýän Eýrandan gelen myhmanlar türkmen doganlarynyň mähirli ýüreginde orun aldylar we bu Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini baş maksadydyr.
