Ï Moskwada türkmen estrada ýyldyzlaryň konserti geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwada türkmen estrada ýyldyzlaryň konserti geçirildi

view-icon 7000
Moskwada türkmen estrada ýyldyzlaryň konserti geçirildi

Russiýanyň paýtagtynyň iň gowy konsert zallaryndan biri bolan «Vega city hall» türkmen estrada ýyldyzlarynyň çykyşyna ýygnan takmynan 1500 aýdym-saz muştagyny kabul etdi.

Iki ýurduň arasynda medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň netijeleriniň biri-de türkmen estradasynyň meşhur ussatlarynyň Russiýanyň paýtagtyna häzirki döredijilik sapary boldy. Türkmenistanyň Russiýadaky Ilçihanasy bu möhüm medeni çärä hemmetaraplýyn guramaçylyk goldawyny berdi.

Ýakynda boljak konsert baradaky habar resmi maglumat çeşmelerinde-de, sosial ulgamlarda hem ýaýradyldy. Ildeşlerimiz, şeýle hem Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar kalba ýakyn sazlar bilen unudylmajak duşuşyga gatnaşmak üçin, tagalla baryny etdiler. Türkmen kärdeşleriniň hoşniýetli çakylygyna seslenen GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri sazly agşamyň hormatly myhmanlary boldular.

Jadylaýjy sesli aýdymçy Azat Dönmezow, üflenip çalynýan gurallaryň ajaýyp ussady, köp saz guralyny çalýan Serdar Haýdarow, urlup çalynýan gündogar gurallaryna ussatlarça erk edýän Atajan Eýýubow dagy eziz Diýarymyzda muşdaklarynyň kalbyna berk ornaşypdy. Indi bolsa olar Moskwa halkynyň öňünde ussatlyklaryny görkezmelidi.

– Sahnadaky artistleriň tomaşaçylar bilen dil tapyşjakdygyna başdan asla şübhelenmedim – diýip, Türkmenistandan sapara gelen döredijilik toparynyň ýolbaşçysy, ýurdymyzyň Mukamlar köşgüniň müdiri Kerim Ylýasow düşündiriş berdi – Ol şeýlede boldy: tomaşaçylar halk sazlarynyň okgunly depginine goşup, el çarpdylar we tans etdiler. Baýramçylyk agşamynyň hormatly myhmany bolmak çakylygyny kabul eden rus estrada ussatlary hem türkmen kärdeşlerini öz çykyşlary bilen goldadylar.

Tomaşaçylar türkmen artistleri bilen ýatdan çykmajak täze duşuşyklar umydy we olaryň ýerine ýetirýän halk aýdym-sazlarynyň beýikligi bilen dargadylar.