«Bagjykly we bagjyksyz» atly spektaklynyň ilkinji görkezilişi Türkmen döwlet gurjak teatrynda uly üstünliklere eýe boldy.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Magtymguly Hudaýberdeýewiň pýesasy esasynda döredilen bu oýun, ýaş tomaşaçylary Begmyrat atly bir diýenetmezek oglan baradaky hekaýa bilen tanyşdyrýar. Garagol oglan öz zatlaryna ýaramaz çemeleşýär, olary öýüň ähli ýerine dargadyp çykýar, haýwanlara azar berýär we hemişe tertipsizlik edýär.

Bir gün öý haýwanlary – pişik we it gödek oglandan gaçyp gitmek baradaky pikire gelýärler. Begmyradyň hatda ýyrtyk aýakgaplary hem gözlerini ýaşlap ony taşlap gidýär.

Eger-de gudrat ýa-da jadyly bir zat bolmasa, onda erteki özüniň erteki bolmagyny bes edýär. Ýokary güýçler bilen ýagdaýlary düzetmek Ýere ýörite robot iberilýär. Öňden programmalaşdyrylan, ýokary tehnologiýaly awtomatik enjam Begmyrady onuň dostlary bilen ýaraşdyryp, oglana gowy terbiýe berip bilermi? Bu barada sapak beriji we ýakymly wakanyň dowamynda bilip bolýar.

Režissýor Maksat Altaýew ilkinji tomaşaçylaryň spektaklyň gahrymanlaryny duýgudaşlyk bilen garşy alandyklaryny belleýär. Onuň aýtmagyna görä spektakla ýaş zehinli aktýorlar gatnaşdylar.

Biziň teatrymyzdaky ýaşlar gurjaklaryň dürli görnüşleri bilen işlemegi öwrenýärler we bu soňra sahnada gahrymanlaryň duýgularyny we hereketlerini tomaşaçylara ýetirmäge oňat mümkinçilik berýär. Aktýorlar öz üstünde yzygiderli işleýärler. Esasan hem robotyň keşbini janlandyrýan aktýor Bagtyýar Dollyýew robot ýaly hereket we tans etmegi kämilleşdirýär.

Ýaşlar bilen bir meýdançada sahna sungatynyň tejribeli ussatlary hem çykyş edýärler. Olaryň arasynda bu oýnuň edebi esasyny ýazan, gurjak teatrynyň artisti Magtymguly Hudaýberdiýew hem bar.Onuň döredijiliginde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda we özüniň döreden edebi eserleriniň birnäçesi bar.
Täze spektakl gyzykly we örän döwrebap bolup çykdy. Aýratyn-da ol robot tehnologiýasy we kompýuter tehnologiýalary bilen gyzyklanýan çagalara ýakymly täsir eder.