Ï Türkmenistanyň tennisçileri dünýä çempionatynyň saýlama ýetginjekler (U-14) ýaryşynyň «playoff» tapgyryna çykdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň tennisçileri dünýä çempionatynyň saýlama ýetginjekler (U-14) ýaryşynyň «playoff» tapgyryna çykdylar

view-icon 5267
Türkmenistanyň tennisçileri dünýä çempionatynyň saýlama ýetginjekler (U-14) ýaryşynyň «playoff» tapgyryna çykdylar

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary 15 ýurduň gatnaşmagynda Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilýän Aziýa / Okeaniýa seçip alyş zolagynyň dünýä çempionatynyň ýetginjekler ýaryşynyň (U-14) «playoff» tapgyryna çykdy. Ýurdumyzyň milli ýetginjekler topary bu üstünlige «D» toparda birinji bolmak bilen, gyzlar topary bolsa «B» toparda ikinji orny eýelemek bilen, ýaryşyň indiki tapgyryna çykdylar.

«Playoff» tapgyryna barýan ýolda türkmen ýigitleri Makao, Kamboja we Saud Arabystanynyň toparlary bilen duşuşyp, üç oýunda 3:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ikinji tapgyrda Kambojanyň tennisçileri bilen geçirilen duşuşykda Imran Ahundowyň her setde garşydaşyna diňe iki döw berendigi bellemeli. Ýekelikdäki we jübütleýin oýunlaryň galan oýunlarynda ildeşlerimiz garşydaşlaryna ýekeje mümkinçilik hem goýmadylar: Selim Çagylow Ratanak Forsy 6:0, 6:0 hasabynda ýeňdi, Selim Çagylow we Imran Ahundow şol hasap bilen Ratanak Fors bilen Wireak Poewi utdular.

Saud Arabystany bilen geçirilen duşuşyk has çekeleşikli boldy. Ýekelikdäki birinji oýunda Selim Çagylow Abdulrazak Al Hanabiniden 6:4, 6:0 hasabynda we ikinji oýunda bolsa Imran Ahundow Haýdar Muhammet Al Fraýtdan 7:5, 6:3 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Jübütleýin oýunlarda Selim Çagylow we Resul Mämmetgurbanow Ali Muhammet Al Ahmed bilen Haýdar Muhammet Al Fraýdy ynamly utdular – 6:2, 6:1.

«Playoff» tapgyryna barýan ýolda türkmen tennisçileri Makaonyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, Indoneziýanyň toparyndan 0:3 hasabynda utulyp, gyrgyzystanly garşydaşlary bilen geçen oýunda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ýekelikdäki birinji oýunda Natalýa Martynowa Ýewa Gawşinadan 3:6, 5:7 hasabynda utuldy, beýleki oýunda Türkmenistanyň iň ezber tenisçisi Ilima Guseýnowa üçünji setde Kamila Aripowanyň garşylygyny ýatyrdy – 6:7, 6:3, 7:6, netijede hasap deňme-deň boldy – 1:1. Bäsleşigiň ykbalyny Natalýa Martynowa bilen Ilima Guseýnowanyň Ýewa Gawşinadan we Kamila Aripowadan has güýçli çykan jübütleýin oýny çözdi – 6:1, 6:3.

Gyzlaryň saýlama toparlarynda geçirilen oýunlardan soň saýlama ýaryşyna dört dalaşgär galdy. Birinji ýarym finalda Malaýziýanyň we Türkmenistanyň, beýlekide bolsa Singapur bilen Indoneziýanyň toparlary oýnar.

Erkekler ýaryşynda bolsa pleý-offda bäsleşigi 8 topar dowam etdirýär. 1/4 finalda Türkmenistanyň ýygyndy topary Nepalyň topary bilen oýnar. Çärýek finalda oýnajak beýleki toparlar şular: Singapur – Liwan, Malaýziýa – Gyrgyzystan we Saud Arabystany – Şri-Lanka.

ITF World Junior Tennisiň 14 ýaşa çenli oýunçylar üçin saýlama ýaryşlary 18-nji fewralda Kolombo şäherinde tamamlanar.