Ï Türkmen tennisçileri ýetginjekleriň (U-14) arasynda dünýä çempionatyna saýlama ýaryşyň bürünç medalyny eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tennisçileri ýetginjekleriň (U-14) arasynda dünýä çempionatyna saýlama ýaryşyň bürünç medalyny eýelediler

view-icon 4749
Türkmen tennisçileri ýetginjekleriň (U-14) arasynda dünýä çempionatyna saýlama ýaryşyň bürünç medalyny eýelediler

15 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda Kolomboda geçirilen ýetginjekleriň (U-14) arasynda dünýä çempionatyna Aziýa/Okeaniýa saýlama zolagynyň ýaryşynda türkmen tennisçileri bürünç medaly eýelediler. Ýetginjekler we gyzlar toparlarymyz finala biraz etmän galdylar.

Toparçada türkmen ýetginjekleri Makaonyň, Kambojanyň we Saud Arabystanynyň toparlaryny, çärýek finalda Nepaldan gelen deň-duşlaryny 3:0 hasabynda ýeňiş gazanmaga başardylar. Ýarym finalda bolsa ýaryşyň ýeňijisi – Singapuryň toparyndan şeýle hasap bilen ýeňlişe sezewar boldy.

«Playoff» tapgyryna çenli oýunlarda tennisçi gyzlarymyz Makaonyň milli ýygyndsyyny 3:0 hasabynda ýeňip, indoneziýaly bäsdeşlerinden 0:3 hasabynda utuldylar, gyrgyzystanly boýdaşlaryndan bolsa 2:1 hasabynda üstün çykdylar.

Gyzlar toparlarynyň arasynda ýarym final duşuşyklarda «Playoff» tapgyrynyň düzgüni başlandy, onda ildeşlerimiz soňy bilen ýaryşyň ýeňijisi bolan malaýziýaly garşydaşlaryndan 1:2 hasabynda utuldylar. Beýleki ýarym final oýunda Singapuryň ýygyndysy Indoneziýanyň toparyndan üstün çykmagy başartdy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda «AA»-nyň habarçysyna habar berlişine görä, «World Junior Championship» guramasynyň düzgünlerine laýyklykda ýarym finalda utulan toparlara 3-nji orun ugrundaky oýunlaryň netijelerine garamazdan bürünç medallar gowşuryldy, çünki olaryň diňe reýting görkezijisi bardy.

Ýetginjekleriň arasynda 3-nji orun ugrunda geçirilen bäsleşikde türkmen topary meýdança eýeleri Şri-Lankanyň tennisçilerini 2:1 hasabynda ýeňdi. Ýekelikde ilkinji oýunda Selim Çagylow Ahil Kalilden 2:6, 1:6 hasabynda utuldy. Ikinji oýunda Imran Ahundow Mehik Wikramasingheni 2:6, 7:6, 6:2 hasabynda ýeňip, hasaby deňledi - 1:1. Aýgytlaýjy netije beren bilelikdäki oýunda S.Çagylow bilen I.Ahundow A. Kalilden we M. Wikramasingheden 6:3, 6:4 hasabynda rüstem geldiler.

Gyzlaryň arasynda 3-nji orun ugrunda geçirilen bäsleşikde toparymyz Indoneziýanyň milli ýygyndysy bilen ikinji gezek duşuşdy we onda - 1:2 hasabynda utuldy. Bu gezek oýnuň netijesi ýekelikde oýnalanda belli boldy, onda Sabrina Rahmanowa Milanesa Briana Susantodan 0:6, 4:6 hasabynda utulsa, Ilima Guseýnowa Gwen Emiliýa Kurniawadan 4:6, 3:6 hasabynda ýeňildi. Bilelikde oýnamakda Natalýa Martynowa we Ilima Guseýnowa garşydaşlaryny utdylar, ýöne onuň duşuşygyň netijesine täsiri ýokdy.

Ýetginjekleriň arasynda Singapuryň topary finalda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi, gyzlaryň arasynda final oýunda Malaýziýanyň tennisçileri singapurly garşydaşlaryndan 3:0 hasabynda üstün çykdylar.

Ýaşy 14-e çenli oýunçylaryň arasynda «ITF World Junior Tennis» ýaryşynda Türkmenistanyň iň ezber tennisçisi Ýuriý Rogusskiý – gyzlar toparymyzyň, sport ussady, milli derejeli emin Andreý Dowmatow bolsa ýenginjekler toparynyň kapitany wezipesini ýerine ýetirdiler. Milli tennis federasiýasynyň eminler geňeşiniň agzasy Igor Zubkow Şri-Lankada Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.