Ï Türkmenistanly türgenler «Aziýanyň çagalary» atly II gyşky oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly türgenler «Aziýanyň çagalary» atly II gyşky oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

view-icon 5347
Türkmenistanly türgenler «Aziýanyň çagalary» atly II gyşky oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň topary Kemerowo şäherindäki «Kuzbass» buzly köşgünde geçirilen «Aziýanyň çagalary» II gyşky halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dört ýyldan bir gezek Halkara Olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän bu toplumlaýyn halkara ýaryşy Aziýadan we Ýewropanyň käbir ýurtlaryndan 16 ýaşa çenli türgenleri birleşdirýär.

«Aziýanyň çagalary» atly ikinji gyşky oýunlar birbada Kuzbassyň dört şäherinde - Kemerowoda, Nowokuzneskide, Meždureçenskide we Taştagol raýonynda geçirilýär. Oňa 13 ýurtdan we Russiýanyň 8 sebitinden 860-dan gowrak ýaş türgenler gatnaşýar. Dagda lyžaly ýaryşlar, şort-trek, figuralaýyn typmak, hokkeý, tramplinden lyžaly bökmek, snoubord we dag lyžasy boýunça ýaryşlar geçiriler. Şeýle hem, Kuzbassyň başlangyjy bilen ilkinji gezek oýunlaryň maksatnamasyna kýorrling, fristaýl we konkili ylgamak sporty girizildi. Oýunlaryň taryhynda ilkinji gezek gar woleýboly we kompýuter sporty boýunça görkeziş ýaryşlary geçirilýär.

Dabarada türgenleriň wekiliýetiniň ýörüşi geçirildi, oňa gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary, wokal we horeografiki çykyşlary boldy. «Aziýanyň çagalary» gyşky oýunlarynyň alawyny Russiýanyň Lyžaly ýaryşlar federasiýasynyň ýolbaşçysy , Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek eňijisi Ýelena Wýalbe we konkili typyjy ýaşajyk türgen Wiktoriýa Fýodorowa dagy dabaraly ýakdylar.

Oýunlaryň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň baýdagyny gar üstünde oýnalýan woleýbol wekili Furkat Şaripow göterdi.

Türkmen figuralaýyn typyjylary 27-nji fewralda we 1-nji martda Nowokuzneskide gysga we erkin görnüşde çykyş ederler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň şort-trekçileri «Kuzbass» Buzly köşgünde 500 we 1000 metr aralyklarda bäsleşer. Sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikler 28-nji fewralda we 1-nji martda geçiriler.

Gar üstünde oýnalýan woleýbolda Türkmenistandan 4 türgen gatnaşýar. Bu görkeziş sporty boýunça ýaryşlar Kemerowo oblastynyň Taştagol raýonynyň «Şeregeş» dag lyžasy toplumynda geçiriler.

«Aziýanyň çagalary» II gyşky halkara sport oýunlarynyň ýapylyş dabarasy 4-nji martda bolar.