Ï «ArtEast» teatrynda Ostrowskiniň «Girdejili ýer» pýesasy sahnalaşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«ArtEast» teatrynda Ostrowskiniň «Girdejili ýer» pýesasy sahnalaşdyryldy

view-icon 4257
«ArtEast» teatrynda Ostrowskiniň «Girdejili ýer» pýesasy sahnalaşdyryldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Bu ýyl döredijiligi teatr sahnasy bilen gönüden-göni baglanyşykly rus dramaturgy Aleksandr Nikolaýewiç Ostrowskiniň dünýä inmeginiň 200 ýyllygy bellenilýär.

Bu möhüm sene mynasybetli Aşgabadyň «ArtEast» teatrynyň döredijilik topary Ostrowskiniň adybir pýesasy esasynda goýlan «Girdejili ýer» oýnunyň ilkinji görkezilişini tomaşaçylara hödürledi.

Režissýor Mekan Jumabaýew bir asyrdan gowrak mundan ozal ýazylan komediýada diňe bir nusgawy tekste däl, eýsem spektaklyň gahrymanlaryny häzirki döwre geçirmek bilen, oýny bezemekde-de özüni synap gördi. Işewür lybasly emeldarlar edara kürsülerinde ýaşaýarlar diýen ýaly, boş wagtlaryny bolsa gijeki klublarda geçirýärler.

Hekaýanyň esasy wakalary öz daýysynyň – baý emeldar Wyşnýowskiniň (Igor Andronow) golastynda işleýän tutanýerli ýigit Žadowyň (Wasiliý Andronow) töwereginde bolup geçýär.

Žadow açgözlük, parahorluk we ahlaksyzlyk batgasyna boýa-boý batan kärdeşlerinden görelde almakdan ýüz öwürýär. Ol halal zähmet bilen gazanç etmek, ýeňlesräk gyz, Polina (Nina Supanko) öýlenmek isleýär. Ýönekeý ýaly görünýän bu pelsepede gahryman, aslynda, daş-töweregi üçin «akja jüýjä» öwrülýär.

– Bu oýnuň üstünde işlänimde men Ostrowskiniň pýesalarynyň röwüşine islendik döwrebap adam üçin tanyş zatlary girizmek pikirine geldim» diýip, oýnuň režissýory Mekan Jumabaýew aýdýa. – Bu zatlar lukmançylyk agyz-burun örtükleri we adamlaryň biri-birinden uzaklaşmagynda «eli» bolan enjamlardyr. Umuman aýdylanda, spektakl nusgawy teatr usullaryna däl-de, oýnuň dramaturgiýasynyň döwürdeşlerimiziň kalbyna täsir eder ýaly, häzirki hakykatlary tanamaga esaslanýar. Teatr janly organizm ahbetin we hemişe döwür bilen deň gadam basmalydyr.

«ArtEast» teatrynyň täze önümi 7 – 16-njy aprel aralygynda Sankt-Peterburgda geçiriljek GDA ýurtlarynyň «Russiýadaky duşuşyklar» atly XXV halkara teatr festiwalynda görkeziler.

«Baltika öýi» teatr-festiwalynyň Sankt-Peterburg meýdançasynda Türkmenistandan başga-da, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Abhaziýanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Russiýanyň teatr toparlary çykyş ederler.