Ï Konserwatoriýa: zenanlara söýgi bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Konserwatoriýa: zenanlara söýgi bilen

view-icon 5296
Konserwatoriýa: zenanlara söýgi bilen
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Şol agşam wideoşekillerde konserwatoriýada sapak berýän zenanlaryň suratlary görkezildi. Çünki konserte gatnaşan kärdeşleriň gutlaglary, ilkinji nobatda, şolara degişlidi.

Tomaşaçylaryň islegleriniň dürlüligi göz öňünde tutulyp, konsert maksatnamasyna ähli saz görnüşleri diýen ýaly girizilipdir. Däp bolşy ýaly, konsertiň birinji bölümi nusgawy sazlara bagyşlandy. Konserti Frants Legaryň operasy açdy. Operettadan partiýalary Türkmenistanyň at gazanan atisti Bibijemal Amanowa we Aman Amanow ýerine ýetirdi.

Wolfgang Amadeý Mosartyň ajaýyp sazyny halaýanlar üçin Ýelena Arakelýan bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow iki pianinoda 5-nji sonatany ýerine ýetirdi.

Meýlis Myratgeldiýew aýdym žanrynyň nusgawy görnüşine öwrülen «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok» türkmen aýdymy tomaşaçylary maýyl etdi. Meýlisiň çykyşy diňleýjileriň köpüsini bu aýdymyň şirin sözleri ýatda galan çagalyk ýatlamalary bilen ruhlandyrdy.

«Brass star» we «Aşgabat kameratasy» toparlarynyň sazandalary iň gowy sazlary bilen çykyş etdiler, Nury Halmämmedowyň «Gyz» aýdymy, Arno Babajanýanyň «Maňa sazy gaýtar» we «Gözellik şasy» aýdymlary ýerine ýetirildi, Aýdar Gaýnulliniň «Göçgünlik», Jorj Bizeniň «Habanera» eserleri tans bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

Tomaşaçylaryň söýgüli aýdymçysy Döwran Şammyýew Ýewgeniý Martynowyň «Ejemiň gözleri» aýdymy bilen çykyş etdi.

Konsertiň ahyrynda Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew Andreý Reznikowyň «Zenanlara bagyşlanýar» aýdymyny ýekelikde ýerine ýetirdi we konserte gatnaşýan erkek adamlaryň ählisi tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda zenanlara gül desselerini gowşurdylar.

Konserti alyp baryjylar, ýagny bu baýramçylyk agşamynyň esasy guramaçylary bolan Ýekaterina Darçiýa we Mansur Şaripow-da tomaşaçylarda özleri barada gowy täsir galdyrdylar.