Ï Türkmenistanly dzýudoçy Polşada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda bürünç medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly dzýudoçy Polşada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda bürünç medal gazandy

view-icon 5107
Türkmenistanly dzýudoçy Polşada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda bürünç medal gazandy

Warşawada (Polşa) geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen dzýudoçysy Hakberdi Jumaýew bürünç medala mynasyp boldy.

Iki gün dowam eden ýaryşa 43 ýurtdan 429 türgen (248 erkek we 181 zenan) gatnaşdy, olar erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda 7 agram derejesinde 14 medal ugrunda bäsleşdiler.

Türkmenistanyň toparyndan 13 dzýudoçy (9 erkek we 4 zenan) çykyş etdi.

Hakberdi Jumaýew 60 kilograma çenli agramda bürünç medal gazandy, bu toparda 16 ýurtdan 38 dzýudoçy medallar ugrunda bäsleşdiler. 23 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby hormat münberine çenli tutluşyklaryň dördüsinde ýeňiş gazandy.

Ilkinji tutluşykda ildeşimiz eýýäm 9-njy sekuntda Mutaz Hawjandan (Saud Arabystany) üstün çykdy. Soňra «wasari» bilen Bart Welingi (Gollandiýa) ýeňdi. Çärýek finalda Hakberdi 1,5 minutda Nurdaulet Amankossowy (Gazagystan) arassa utdy.

H. Jumaýew finala çykmak ugrundaky göreşde iki «wasari» sebäpli Žan Enzodan (Fransiýa) ýeňildi we 3-nji orun ugrundaky tutluşykda ukrainaly Nazar Wiskowy ýeňdi. Ýene bir bürünç medaly ildeşi Nurdaulet Amankossowdan üstün çykyp, 3-nji orny eýelän Şerzod Dawlatow (Gazagystan) gazandy. 60 kilograma çenli agram derejesinde Warşawada geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda 20 ýaşly fransuz Romen Waladýe Pikar finalda ildeşi Žan Enzodan rüstem gelip, ýeňiş gazandy.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Hakberdi Jumaýew 60 kilograma çenli agram derejesinde Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda altyn medal gazandy, onda 29 dzýudoçy, şol sanda Türkmenistandan 7 türgen medallar ugrunda bäsleşdiler. Ol 2019-njy ýylda ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda we 2020-nji ýylda Tel-Awiwde geçirilen Baş baýrak ugrunda ýaryşda bäşinji orny eýeledi, Zagrebde geçirilen Gran Pri-2022 ýaryşynda ýedinji orna düşüpdi we 2022-nji ýylyň awgust aýynda Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň bürünç medalyny eýeläpdi.

Hakberdi Jumaýew Türkmenabatda ilkinji tälimçisi Rejepbaý Aşyrowdan dzýudo tälimini alypdy. Häzirki wagtda ol milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Gahryman Amandurdyýewiň ýolbaşçylygynda sport ussatlygyny kämilleşdirýär.

Daşkende (Özbegistan) 5-nji martda tamamlanjak Uly şlýom ýaryşy

türkmen dzýudoçylary üçin ýene bir çynlakaý synag bolar. Onda

Türkmenistandan 14 türgen 49 ýurduň (191 erkek we 173 zenan) türgenleri bilen birlikde 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýän medallar we görkeziji utuklary ugrunda bäsleşerler.