Ï Resul Gylyjowyň orkestriniň sazandalary: iň gowy ähli çykyşymyz – zenanlar üçin!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resul Gylyjowyň orkestriniň sazandalary: iň gowy ähli çykyşymyz – zenanlar üçin!

view-icon 4219
Resul Gylyjowyň orkestriniň sazandalary: iň gowy ähli çykyşymyz – zenanlar üçin!
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Halkara Aýal-gyzlar gününe bagyşlanan konsert boldy. Teatryň sahnasynda – Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri. Orkestriň sazandalary baýramçylyk konsertini Andreý Petrowyň «Oduň söndürilişi» filmine ýazan uwertýurasy bilen açdylar.

Parlak duýgulardan doly bu tolgundyryjy, joşgunly saz bilen-de    zenanlara bagyşlanan aýdym-saz baýramçylygy başlandy. Konsert maksatnamasynda Maksim Dunaýewskiniň «Meri Poppins, hoş gal!», Andreý Petrowyň «Men ýöräp barýaryn, Moskwada gadam urýaryn», Ýewgeniý Doguň «Meniň mähirli we mylaýym haýwanym» atly we beýleki filmleriň sazlary ýaňlandy. Zenanlara aýratyn garaýyşlaryny beýan etmek üçin, sazandalar köplenç mylaýymdan täsirli wals sazlaryna ýüzlenýärler. Walentin Lewaşowyň ähli ýurtlara diýen ýaly aýlanyp, ol ýerdäki diňleýjileriň kalbynda seslenme tapan «Söýgi we kepderiler» filminden «Walsy» aýratyn bellemek isleýärin.

Solistler Maýsa Nyýazowa, Nury Nuryýew, Döwran Şammyýew, Mansur Şaripow we Dünýägözel Begalyýewa dagy aýdymlary bilen agşamy bezediler. Çykyşlaryň köpüsi enelere – dünýäniň iň eziz we söýgüli zenanlaryna bagyşlandy. Bu täsirli söýgi beýany diňleýjilerde sahnadan gelýän her söze dahyllylyk duýgusyny döretdi.

Tomaşaçylar Andreý Babaýewiň Nury Nuryýewiň ýerine ýetiren «Bir gyza duşdum» aýdymyny şowhun bilen kabul etdiler. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň iň gowy aýdymlarynyň biri bolan bu aýdym soňky döwürde özüniň ýürekdenligi bilen diňleýjileriň ähli nesillerini begendirip, täze meşhurlyga eýe bolýar.

Konsert orkestriň barok aýdym-sazyna ýöriteleşen we barok stilinde geýinýän Rondo Weneziano italýan kamera sazandalar toparynyň ýerine ýetirmeginde  «Mukam jadysy» atly eseri bilen tamamlandy.

Tomaşaçylar bilen hoşlaşanda, Resul Gylyjow: «Bu konsert, ilkinji nobatda, bize kalplaryndan ýylylyk berýän we dünýäde ýaşamagymyzy aňsatlaşdyrýan enelerimize bagyşlanýar» diýdi.