Ï Baýramçylyk mynasybetli guralan sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýramçylyk mynasybetli guralan sergi

view-icon 5049
Baýramçylyk mynasybetli guralan sergi

Daşoguz welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde ýerleşdirilen çagalar suratlarynyň täze sergisinde dürli ugurlardan suratlar görkezildi. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň we şäher çagalar sungat mekdebiniň guran «Zemin görki – zenanlar» bäsleşigine gatnaşan welaýat dolandyryş merkeziniň çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaşajyk suratkeşleriniň we olaryň mugallymlarynyň işlerinden ybaratdy.

Ene ynsan ömründäki iň mukaddes keramatdyr. Goýy akwarel, guaş, pastel ýaly serişdelerde çekilen suratlaryň aglabasynda enäniň keşbi şekillendirilipdir.

Olaryň ählisinden mähir we hoşamaýlyk çogup dur. Işleriň ählisi özüne çekiji, misli bahar howasyna ýugrulan ýaly hakykata golaý.

̶ Bäsleşigimiziň, ilkinji nobatda, çagalara mähriban enelerini, mamalaryny, uýalaryny, şeýle hem mugallymalaryny 8-nji mart ̶ Halkara zenanlar güni bilen gutlamaga ajaýyp mümkinçilik berendigine begenýäris ̶ diýip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Hurşida Ataýewa gürrüň berýär. – Ýeňijileri kesgitlemek aňsat bolmady - suratlaryň ählisi sünnälenip, yhlasly we mähirli çekilipdir, olaryň her biri enä, dogduk mekana, zenanlara, milli ruhy we medeni gymmatlyklara mähir-muhabbeti, päk söýgüsi bilen ýüreklere güýçli täsir edýär.

Bäsleşigimizde birinji synp okuwçysy G. Saburowa, ikinji synp okuwçysy A.Babaýew, üçünji we dördünji synp okuwçylary N.Matýakubowa we G.Ýusubowa ýaly zehinli çagalar ýeňiş gazandylar. Olara, şeýle hem öz ugrundan ikinji we üçünji orny alan çagalara ýadygärlik sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher Geňeşiniň Hormat hatlary gowşuryldy.