Ï Täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy

view-icon 4308
Täze spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň sahnasynda Semýon Zlotnikowyň «Erkek kişi geldi bir zenanyň ýanyna» diýen spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy. Spektakl uly ýaşly tomaşaçylara niýetlenen bolsa-da, tomaşa edeniňde onuň ýaşlara hem ýarandygyny görmek bolýar.

Kimdir biriniň zaryna dönüp söýülmek – pýesa gahrymanlaryň şeýle tebigy islegi barada gürrüň berýär. Dostlary ýeke ýaşaýan telefon operatory Dina Fýodorownany başga bir ýeke ýaşaýan farmasewt Wiktor Petrowiç bilen tanyşdyrmakçy bolýarlar. Ýöne bu isleg aňsat başa baraýanok. Gahrymanlaryň hersiniň öz dünýägaraýşy, pikiri, endigi, gylyk-häsiýeti bar – bular welin bilelikde bir öýde ömür sürmegi niýet edinýän nätanyş adamlaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň döremegine päsgel berýär.

Dina Fýodorownanyň keşbini döretmäge Tatýana Öwezmyradowa yhlasyny gaýgyrmandyr. Ol turuwbaşdan keşbe şeýle bir sazlaşykly girdi welin, edil özi şeýle ýagdaýa düşäýende nätjegini görkezýän ýalydy. Mihail Rogowyň oýnuny bir görsediňiz! Tomaşaçylar bu aktýory çylşyrymly häsiýetli, tutanýerli adamlaryň keşbinde görýärdi, ine, birdenem ol çekinjeň, lellim farmasewtiň keşbine giripdir. Spektaklyň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowa oňa Wiktor Petrowiçiň keşbini ynandy. Rogow režissýoryň ynamyny aňryýany bilen ödedi.

Ýeri gelende aýtsak, spektaklda aktýorlaryň özleri aýdym aýdýarlar, bu bolsa tomaşaçylary ýene bir gezek geň galdyrýar we oýny has şüweleňli edýär.

Aýakgabyň bir taýynyň tapylmagy we Wiktor Petrowiçiň dolanmagy bu hekaýaty oňyn jemleýär.

A.S. Puşkin adyndaky teatryň spektakllarynyň sanawynda «Erkek kişi geldi bir zenanyň ýanyna» spektakly ymykly orun tutsa gerek, çünki ony gaýta-gaýta göresiň gelýär...