Ï Nakgaş zenanlaryň işleriniň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nakgaş zenanlaryň işleriniň sergisi

view-icon 4015
Nakgaş zenanlaryň işleriniň sergisi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýyl zenan suratkeşleriň sergisi guralýar. Indi bu çäre yzygiderli geçirilip, meşhurlyga eýe bolýar: şu ýylky sergä diňe bir Aşgabat şäherinden däl, eýsem welaýatlardan hem 200 suratkeş gatnaşdy.

Oňa gatnaşýanlar üçin ähli şertleriň döredilmegi bäsleşigiň meşhurlygyna ýardam edýär. Eserleriň erkin temadan bolmagy, sungat ugrundan biliminiň derejesine garamazdan, gatnaşmak mümkinçiligini artdyrýar.

Sergi merkeziniň iki gatynda hem sungatyň dürli görnüşlerinden: žiwopis, grafika, heýkeltaraşlyk, keramika, zergärleriň şaý-sepleri, dizaýn boýunça 300-den gowrak iş goýlupdyr.

Tema erkinligi zenanlara baý içki dünýäsini doly açmaga mümkinçilik berdi. Žiwopis eserlerinde mähirli, parasatly, gartaşan eneler şekillendirilipdir. Çagalara hem aýratyn üns berlipdir. Şeker Nökergeldiýewanyň «Çagalar bagy» suraty tomaşaçylara üýtgeşik täsir etdi, ondaky gözleri gülüp duran şadyýan gyzjagazyň keşbi özüne bendi edýär.

Bahar pasly tebigatda täze durmuşyň başlanýandygynyň alamaty bolan güller bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Nakgaşlaryň köpüsi öz işlerinde ajaýyp gülleri beýan edipdirler. Anna Tokarkowanyň «Ak pionlar» eseri güller sergisinde has täsirli çykypdyr.

Gunça Goçmyradowa «Böwenjik» atly suratyny sergide ýerleşdiripdir. Ol ertekiniň gahrymanyny gyzykly rebus görnüşinde beýan edipdir.

Gözleri ýumuk arzuwçyl gyzyň elinde tahýa bar. Onuň töweregindäki ýapraklara güllere, kebelegiň ganatlaryna nagyş salnypdyr. Aýnabat Jumamyradowanyň suratyndaky gyzyň nämäniň arzuwyndadygyny çaklamak kyn däl, çünki ol tahýasyny ýöne ýerden bagryna basmaýar ahyry.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilk akademiýasynyň halk-amaly sungat fakultetiniň dekany Ogulgerek Myradowanyň «Bahar güli» şaý-sepler toplumy tomaşaçylary özüne maýyl etdi. Onuň taýýarlan gülýakalary we monjuklary nepis çeperligi bilen özüne çekýär. Şeýle zehinli mugallymlarymyz barka biz olaryň okuwçylarynyň hem zehinli boljakdygyna ynanýarys.

Bahar Annagulyýewanyň «Çeşmäniň başyndaky duşuşyk» eserindäki suw küýzeli bäş gyzyň keşbi janlandyrylan keramiki heýkeljigi oba ilatynyň durmuşyny beýan edýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň lybaslar bezegi mugallymy Aýna Sari nysakly soňky lybas nusgasyny görkezdi. Zenanlar oňa ähli tarapdan ünsli syn etdiler.

Sergi tomaşaçylarda ajap duýgulary oýardy. Bäsleşikde ýeňiji kesgitlenmedi. Muňa garamazdan, eserleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanan nakgaşlaryň 65-sine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan Maral Annanurowa, Gunça Myradowa, Tuwak Sähedowa, Gülnäz Rozykulowa we başga-da ençeme nakgaşa gymmatly sowgatlar gowşuryldy.