Ï Lebap welaýatynyň sazly-drama teatrynyň artistleri Aşgabatda çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynyň sazly-drama teatrynyň artistleri Aşgabatda çykyş ederler

view-icon 4085
Lebap welaýatynyň sazly-drama teatrynyň artistleri Aşgabatda çykyş ederler

11-nji martdan 18-nji mart aralygynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry Aşgabatda çykyş eder.

Bu baýry teatryň baý taryhy geçen asyryň 40-nji ýyllardan başlanýar. 

Lebap welaýat sazly-drama teatrynda 1979-njy ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr institutynyň uçurymlaryndan esasy döredijilik topary döredilenden soň, onuň üstünligi artyp ugraýar. «Seýdi» spektaklynyň sahnalaşdyrylmagy hyjuwly döredijiligiň gözbaşy boldy.

1982-nji ýylda teatra türkmen edebiýatynyň serkerde şahyry Seýitnazar Seýdiniň ady dakylýar. Kän wagt geçmänkä döredijilik toparyna Daşkendiň A.N. Ostrowskiý adyndaky teatr institutynyň (häzirki Özbegistanyň Döwlet sungat we medeniýet institutynyň) uçurymlary goşulýar.

Dürli ýyllarda teatryň sahnasynda rus dramaturgy A.N.Ostrowskiniň pýesasy boýunça «Haram pullar», türk dramaturgy Eziz Nesiniň pýesasy boýunça «Bir zat etsene, Met», Çingiz Aýtmatowyň powesti boýunça «Deňiz ýakasynda gezýän ala köpek» spektakllary goýuldy.

2018-nji ýylda gözel paýtagtymyzda geçirilen «Ýüpek ýoly-ýürek ýoly» teatr festiwalynda Lebap welaýat teatrynyň «Daýahatyn» oýny emin agzalarynyň ünsüni özüne çekdi.

Türkmenabat şäherinden 170 kilometr uzaklykda sudury saklanyp galan, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän iki ýadygärligiň – Daýahatyn kerwensaraýynyň döreýşi barada gürrüň berýän spektakl üçin teatryň režissýory Perhat Hudaýberenow režissura ugrundan Baş baýraga mynasyp boldy.

«Daýahatyn» taryhy spektakly Gazagystanda geçirilen «Abiş älemi» birinji halkara teatr festiwalynda hem görkezildy. Lebap welaýat teatrynyň oýnuna özbegistanly we täjigistanly tomaşaçylaram tomaşa etdielr.

Teatryň sahnasynda dürli žanrlardan 100-e golaý spektakl goýuldy. Häzirki wagtda režissýor Perhat Hudaýberenow Çingiz Aýtmatowyň adybir powesti boýunça «Ak gämi» spektaklyny sahnalaşdyrýar.

Lebap welaýat teatrynyň agzibir topary döredijilik iş saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda Aşgabada bagyşlanan spektakly, şeýle hem degişme aýdym-sazly çykyşlary görkezer.