Ï Täsirli geçen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täsirli geçen duşuşyk

view-icon 3861
Täsirli geçen duşuşyk

Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň 5-nji orta mekdebinde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Mugallymlar artsitleri mekdep baýramçylygynda çykyş etmäge çagyrdylar, soň bolsa olar bilen gyzykly söhbetdeşlik gurnadylar.

Ýaş nesliň ruhy we ahlak terbiýesi söhbetdeşligiň esasy temalarynyň biri boldy. Mugallymlar artistleriň işi we gurjak teatrynyň tomaşaçy çagalaryň aňyna täsiri barada sowallar berdiler. Türkmenistanyň at gazanan artisti Magtymguly Hudaýberdeýew, Annaçary Kakabaýew, Gülsere Jumaýewa we Atajan Baýramdurdyýew çykyş etdiler.

Gurjak teatry köplenç çaganyň durmuşynda ilkinji teatr bolýar. Bu ýerde oýunjaklar we gurjaklar erteki kimin çagalara güýçli täsir edýär.

Okuw-terbiýeçilik işinde teatr sungatynyň bolmagy, şeýle hem spektakllara tomaşa etmegi çagany ruhy gymmatlyklar bilen tanyşdyrýar, onuň duýgularyny we aňyny ösdürýär.

Körpeje tomaşaçy sahnadaky wakalara uzak syn edýär. Şunda ol gahrymanlaryň adyny, spektaklyň ýordumyny takyk ýatda saklajak bolýar. Spektakldan soň hemişe ondan galan täsilerini deň-duşlaryna we ata-enesine gürrüň berýär. Şeýlelik bilen, çaganyň ýatkeşligi, pikirlenme, gürleýiş ukyby ösýär.

– Teatr duýgudaşlygy öwredýär. Aktýorlar we gurjaklar sahnada ömrüniň bir bölegini ýaşaýarlar, onsoň çaga-da olar bilen birlikde ähli wakalara içgin aralaşýar: gahrymanlara duýgudaşlyk bildirýär, gaýgylanýar, gaharlanýar we begenjinden aglaýar - diýip, teatryň ussat artistleri gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda artistler käte ussatlygy barada gyzykly gürrüň berdiler we mugallymlar üçin kiçeňräk ussatlyk sapagyny geçirdiler, gurjaklar hem-de olaryň görnüşleri, haýsy gahrymanlaryň çykyşlara köplenç gatnaşýandyklary barada söhbet etdiler.

Mugallymlar we okuwçylar şeýle gyzykly duşuşyk üçin artistlere hoşallyk bildirip, ertekileriň gahrymanlary we Türkmen döwlet gurjak teatrynyň işgärleri bilen ýene duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýtdylar.