Ï «Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamasynyň netijeleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamasynyň netijeleri jemlendi

view-icon 2604
«Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamasynyň netijeleri jemlendi

Adalatçynyň edarasynda Türkmenistanyň Adalatçysy  Ýazdursun Gurbannazarowanyň we BMGÖM-üň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýanyň gatnaşmagynda Taslama Geňeşiniň «Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki taslamasynyň üstünlikli tamamlanmasyna bagyşlanan jemleýji mejlisi geçirildi. Duşuşykda esasy maksatlara we wezipelere ýetmegiň, şeýle hem 2021-2022-nji ýyllarda taslama boýunça geçirilen işleriň netijeleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň saýtynda habar berildi.

Taraplar gazanylan netijeleriň ähmiýetini nygtadylar we 2023-nji ýylda gol çekilen «Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmaga ýardam bermek» Taslama resminamasynyň çäginde meýilleşdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar we mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Adalatçysy, şeýle hem AÝF-iň, BMGÖM-iň we AHÝKM-iň baha beriş komissiýasynyň wekilleri bilen Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermegiň netijesinde hödürlenen teklipleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça wideomaslahat arkaly üç taraplaýyn ýygnak geçirdi. Halkara hyzmatdaşlara edaranyň 2022-nji ýylda geçirilen mümkinçiliklerine baha bermegiň netijeleri, güýçli taraplary, üstünlikleri we Adalatçynyň Diwanynyň işini mundan beýläk-de gowulandyrmak üçin teklipler berildi. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil taýýarlanan hasabat we berlen teklipler üçin hünärmenlere hoşallyk bildirdi, şeýle hem hasabatyň soňky nusgasynda beýan etmek üçin, öz maslahatyny we arzuwlaryny beýan etdi.

Milli adam hukuklary guramalarynyň mümkinçiliklerine baha bermek, öz gezeginde, 2011-nji ýylda Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralaryna (MHGE) ýardam bermek maksady bilen Global üç taraplaýyn hyzmatdaşlykda işlenip düzülen «Adam hukuklary boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň mümkinçiliklerini bahalandyrmagyň global ýörelgeleriniň» çäginde amala aşyrylýar. Hyzmatdaşlygyň agzalary Milli hukuk goraýjy edaralarynyň Global Alýansy (GANHRI), BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we AHÝKM-dir.