Ï Türkmenistanda parlament saýlawlary dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda parlament saýlawlary dowam edýär

view-icon 3654
Türkmenistanda parlament saýlawlary dowam edýär
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary dowam edýär.

Sagat 11-e çenli ýagdaýa görä Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ähli saýlawçylaryň 43,73 göterimi, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 43,66 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 42,60 göterimi ses bermäge gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, şu gezekki möhüm jemgyýetçilik syýasy çäresini geçirmäge uly taýýarlyk işleri görüldi. Hususan-da, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 515-si, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2001-si, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 12098-si hem-de mejlisiň deputatlygyna syýasy partiýalar we raýat toparlary tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň 258-si bellige alyndy.

Şu gezekki saýlawlar dünýäniň köp ýurtlarynda gyzyklanma döredýär. Muňa Merkezi saýlaw toparynyň saýtyna girýänleriň sanynyň köpdügi hem şaýatlyk edýär, bu saýt boýunça şol sanda 240 saýlaw uçastogyndan onlaýn görnüşinde ýaýlyma berilýär.

Daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarynda hem ses bermek çäresi ýokary guramaçylykly geçirilýär.

Ses berlişiniň barşyna halkara we milli synçylar monitoringi amala aşyrýarlar.