Ï Türkmen tennisçisi ATF Duşanbe Open U14 ýaryşynda kümüş we bürünç medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen tennisçisi ATF Duşanbe Open U14 ýaryşynda kümüş we bürünç medal gazandy

view-icon 3182
Türkmen tennisçisi ATF Duşanbe Open U14 ýaryşynda kümüş we bürünç medal gazandy

Türkmen türgeni Imran Ahundow Täjigistanyň paýtagtynda tamamlanan 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) Duşanbe Open açyk ýaryşynda kümüş we bürünç medallara eýe boldy.

Ildeşimiz kümüş medaly jübütlikde, bürünç medaly bolsa ýekelikde gazandy.

Bäsleşige hindistanly, eýranly, gazagystanly, gyrgyzystanly, pakistanly, koreýaly, russiýaly, täjigistanly, türkmenistanly, özbegistanly ýaşlar gatnaşdylar.

Imran Ahundow ýaryşda 7-nji belgi bilen çykyş etdi.

Ýekelikdäki çykyşyň birinji aýlawynda Imran Muhammadýusuf Mukimjonsody (Täjigistan) 6:1, 6:1 hasabynda ýeňdi, ikinji aýlawda bolsa Platon Kowalýowdan (Gazagystan) üstün çykdy – 6:1, 6:0, üçünji aýlawda üçünji belgi bilen çykyş edýän, ATF-iň 14 ýaşa çenli türgenler üçin reýtingde 49-njy ýeri eýeleýän Saidamir Ikramowy (Özbegistan) 6:4, 6:0 hasabynda ýeňdi.

Ýarym finalda Imran Ahundow birinji belgi bilen çykyş edýän, Aziýanyň 14 ýaşa çenli türgenleriniň 11-nji orundaky tennisçisi Danialmoştagifad Moştagifaddan (Eýran) 5:7, 5:7 hasabynda utuldy. 3-nji orun ugrundaky oýunda bolsa türkmenistanly ýaş tennisçi bölünişikde 4-nji belgä mynasyp görlen, 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň 55-nji tennisçisi Marsel Alekseýewden (Gazagystan) 6:1; 6:0 hasabynda üstün çykdy.

Jübütlikde Imran Ahundow özbegistanly Akmal Arabjanow bilen tandemde çykyş etdi. Olaryň utuk sanynyň jemi göz öňünde tutulmak bilen, bu jübütlige ikinji belgi berildi.

Birinji aýlawda Imranyň jübüti täjigistanly Eson Boboýewi we Homid Nazarowy 6:0, 6:1 hasabynda ýeňdi. Ikinji aýlawda gazagystanly Yslam Dulselgazinden we Maksim Kuzahmetowdan güýçli çykdy – 6:4, 6:4. Üçünji aýlawda Ahundow bilen Arabjanow russiýaly Sawa Gorýunowy we täjigistanly Altjon Mirzoýewi 6:1, 6:0 hasabynda ýeňdi we diňe finalda gazagystanly Marsel Alekseýewden we Danialmoştagifad Moştagifaddan (Eýran) degişlilikde 6:7, 1:6 hasabynda utuldy.

Bu ýaryş ATF-iň yzygiderli ýaryşlarynda reýting ugrundaky ýaryşdyr. Imran Ahundow onda çykyşyna başlamazdan ozal, 14 ýaşa çenli oglanlaryň Aziýa reýtingde 92-nji orny eýeleýärdi.

Imranyň öňünde ATF-iň 3 ýaryşdan ybarat ýene bir tapgyry bar. Ol Täjigistanda geçiriler.

Imran Ahundowyň Aşgabat tennis akademiýasynyň uçurymydygyny, ol ýerde göwün söýen sporty bilen baş tälimçi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda meşgullanýandygyny ýatladýarys.