Ï Halkara synçylar saýlawlaryň netijeleri boýunça brifingleri geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara synçylar saýlawlaryň netijeleri boýunça brifingleri geçirdiler

view-icon 3048
Halkara synçylar saýlawlaryň netijeleri boýunça brifingleri geçirdiler
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylar toparlarynyň geçiren brifinglerinde Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri yglan edildi. Çärä ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar.

Synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna we merkezi saýlaw toparyna döwletimiziň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirip, Türkmenistanda saýlawlaryň üstünlikli we ýokary guramaçylyk derejesinde, giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Brifinge gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, halkara synçylaryň çagyrylmagy ýurdumyzyň saýlawlaryň demokratik esasda geçirilmeginiň üpjün edilmegine çalyşýandygynyň subutnamasy hökmünde kabul edilýär. Synçylar toparlarynyň beren bahalandyrmalary saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň hakyky ýagdaýyna laýyk gelýär. Bellenilişi ýaly, synçylar toparlarynyň netijeleri milli saýlaw kanunçylygynyň öwrenilmegine, syn etmelere we toparyň agzalarynyň ýurdumyzda bolan wagtynda toplan maglumatlaryna esaslanýar.

Synçylar öz işinde syýasy bitaraplyk, içerki işlere goşulyşmazlyk, bolýan döwletiniň kanunlaryny berjaý etmek, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüme, olaryň guralmagyna we saýlawlaryň barşyna baha bermekde dogruçyl bolmak ýörelgelerinden ugur aldylar. Şunda soňky ýyllarda milli saýlaw kanunçylygynyň kämilleşdirilendigi bellenildi. Hususan-da, demokratik saýlawlar babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän we saýlawçylaryň erkin, açyk ses bermegini üpjün etmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolup durýan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň ähmiýeti barada aýdyldy.

Şu gezekki saýlawlara ähli partiýalaryň wekilleriniň, raýatlar toparlaryndan dalaşgärleriň gatnaşandygyna aýratyn üns çekildi. Şeýle hem Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, ähli derejelerdäki saýlawlar toparlarynyň alyp baran netijeli işleri bellenildi. Bu bolsa saýlawlaryň demokratik esasda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine ýardam berdi.

Synçylar toparlarynyň agzalary milli habar beriş serişdeleriniň saýlawlary şöhlelendirmekde bitiren işlerine hem üns çekdiler.

Saýlawlaryň guramaçylykly geçirilendigi bellenildi. Döwlet edaralary, saýlaw toparlary saýlawçylaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk çäreleri durmuşa geçirdiler. Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi. Saýlawlar umumy ykrar edilen demokratik kadalara laýyklykda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirildi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň erk-islegleriniň erkin beýan edilmegini üpjün etdi.