Ï Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň saýlawlara gatnaşmagy halkara synçylar bilen ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň saýlawlara gatnaşmagy halkara synçylar bilen ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2096
Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň saýlawlara gatnaşmagy halkara synçylar bilen ara alnyp maslahatlaşyldy

26-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň öňüsyrasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary býurosynyň wekiliýeti saýlawlara taýýarlyk hem gözegçilik işleriniň gidişine baha bermek üçin, Türkmenistana gelen Koriýen Ýonkeriň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Adalatçysynyň diwanynyň işgärleri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň Adalatçysynyň we diwanyň işgärleriniň işi bilen tanyşdylar, şeýle hem Adalatçynyň we diwanyň işgärleriniň saýlawyň gidişine gözegçilik etmäge gatnaşyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň saýtynda bellenilişi ýaly, Adalatçy, öz wezipe ygtyýarlyklaryna laýyklykda, döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan erkin demokratik saýlawlar guralanda we geçirilende, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrýar, saýlawdan öň we ses berilýän güni saýlaw uçastoklaryna baryp, bu ugurda kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary býurosynyň wekiliýeti adam hukuklary babatynda dünýäde esasy guramalaryň biridir. Bu wekiliýet demokratik saýlawlaryň geçirilmegini, adam hukuklaryna hormat goýulmagyny, duşmançylyksyz gatnaşygy we diskriminasiýa ýol berilmezligi, şeýle hem kanunyň hökmürowanlygynyň üpjün edilmegine goşant goşýar. Wekiliýete adam hukuklary we demokratiýa pudagynda borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek bermek tabşyrylandyr. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary býurosynyň wekiliýeti saýlawlara gözegçiligi amala aşyrýar, adam hukuklarynyň ýerine ýetirilmegini goldaýar we gözegçilikde saklaýar hem-de ÝHHG-niň ähli sebitinde demokratiýany ösdürmek taslamalaryny durmuşa geçirýär. Demokratik institutlar we adam hukuklary býurosynyň wekiliýeti ÝHHG-niň beýleki guramalary we ýerlerdäki wekiliýetleri, şeýle hem köp sanly hyzmatdaş bilen, şol sanda hökümetler, halkara guramalar we raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk edýär.