Ï «Arkadag» futbol topary uly ýeňiş gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol topary uly ýeňiş gazandy

view-icon 5051
«Arkadag» futbol topary uly ýeňiş gazandy

«Arkadag» ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynda myhmançylykda geçen oýunda Marynyň «Energetigini» 5:1 hasabynda utmak bilen, ýene-de bir uly ýeňiş gazandy.

Ýeňiji tarapdan Begenç Akmämmedow (28-nji we 68-nji minut) bilen geçen ýylky möwsümiň iň köp top geçiren oýunçysy Didar Durdyýewiň (38-nji we 56-njy minut) hersi iki top geçirdiler, şeýle hem Altymyrat Annadurdyýew (70-nji) tapawutlandy. «Energetikdan» topy Arslan Ýusupowyň (58-nji) adyna ýazyldy.

Paýtagtymyzdan 30 km uzaklykda gurulýan döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine degişli bolan milli birinjilikde ilkinji gezek çykyş edýän adybir topar yzly-yzyna altynjy ýeňşini gazanyp, 18 utuk toplady.

Türkmenistanyň wise-çempiony «Altyn asyr» öňdebaryjydan 4 utuk yza galýar. Ol «Nusaý» stadionynda 62-nji minutda Garly Garlyýewiň öz derwezesine top geçirmegi netijesinde «Aşgabady» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Öňde barýan üç toparyň ahyrynda bu tapgyrda oýnamdyk 13 utukly paýtagtymyzyň «Köpetdagy» eýeleýär.

Öz meýdançasynda «Ahaldan» 1:0 hasabynda üstün çykan «Nebitçisi» Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparyndan 2 utuk yzda barýar. Ýeňiş topuny 7-nji minutda Begli Meredow tora girizdi. Yzygiderli altynjy ýeňlişe sezewar bolan ýurdumyzyň häzirki çempiony «Ahal» 3 utugy bolansoň, «Energetik» bilen 8-9-njy orunlary paýlaşýar.

Ýaryşda bu toparlardan ýokarda «Merw» (5 utuk) we «Şagadam» (4 utuk) durýar, olaryň Türkmenbaşy şäherindäki oýny deňme-deň tamamlandy – 0:0.

Bombardirler ýaryşynda ýedi tapgyrdan soň Didar Durdyýew (Arkadag) 9 top bilen öňdeligi eýeleýär. «Altyn asyryň» futbolçylary Myrat Annaýew bilen Wahyt Orazsähedow ondan 4 top yzda.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyry 23-nji maýda «Köpetdag» – «Nebitçi» arasyndaky oýun bilen başlanyp, 24-nji maýda «Merw» – «Energetik», «Altyn asyr» – «Arkadag», «Şagadam» – «Aşgabat» arasyndaky oýunlar bilen tamamlanar.