Ï Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 3707
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III-niň we Premýer-ministr Rişi Sunagyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Beýik Britaniýada özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Stiwen Konlony jogapkärli wezipä bellenilmegi we Türkmenistanda işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda Onuň Alyjenaby Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, Londona iş saparyny amala aşyrandygyny belläp, saparyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlik üçin Beýik Britaniýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Patyşa Karl III bilen söhbetdeşlikde onuň Türkmenistana ozal amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdandygyny we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine özara ynam bildirilendigini belledi.

Duşuşygyň çäklerinde köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Beýik Britaniýanyň doly ygtyýarly wekili umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa birnäçe ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek esasynda yzygiderli pugtalandyrylýar, syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Ýurtlarymyz diňe ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda-da üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iri we abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlara berilýän özara goldaw munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini özgertmek, senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy nazara alyp, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, britan kompaniýalarynyň gazanan üstünliklerini türkmen bazarynda ornaşdyrmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Energetika, maliýe, bank hyzmatlary, ätiýaçlandyryş we “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Mundan başga-da, oba hojalygynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyldy.

Şeýle hem iki döwletiň we halkyň medeniýet, bilim, sungat we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegi üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Ilçi Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini möhüm ugur edinýän netijeli syýasatyna ýokary baha berip, Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Diplomat üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek üçin yhlasyny gaýgyrmajakdygyna we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, ynsanperwer ulgamdaky döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon wagt tapyp kabul edilendigi we hoşniýetli arzuwlar üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan edip, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Biziň gadyrly dostumyz!

Birleşen Patyşalyk bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmak maksady bilen, biz hormatly Stiwen Ostin Konlony Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik. Jenap Konlonyň ýokary şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Konlonyň Size biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Türkmenistana rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymyzy ýetirende, oňa doly ynanjakdygyňyza umyt edýäris.

Goý, Beýik Biribar Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Siziň dostuňyz,

KARL III,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy.