Ï Türkmenistanyň DIM-nde UNAMA-nyň missiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildiTürkmenistanyň DIM-nde UNAMA-nyň missiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde UNAMA-nyň missiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 3222
Türkmenistanyň DIM-nde UNAMA-nyň missiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. W.Hajiýewiň bellemegine laýyklykda, Türkmenistan goňşy ýurduň howpsuzlygyna we durnuklylygyna, şeýle hem onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly gyzyklanma bildirýär. Şu nukdaý nazardan, Owganystan meselelesi boýunça ýurtlaryň we BMG-niň arasynda giň özara hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmalydygyna, ilki bilen, UNAMA bilen ýakyn gatnaşyklaryň saklanylmalydygyna üns çekildi.

Nygtalmagyna görä, Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, Owganystandaky syýasy hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy durnuklylaşdyrmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna goşant goşmak nukdaý nazaryndan netijeli işleri alyp barýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biridir.

Türkmenistan yzygider ýagdaýda Owganystana ynsanperwer ýüklerini ugradýar, durmuş ähmiýetli desgalary gurýar, ilata lukmançylyk kömegini berýär. Şeýle hem bellenilişi ýaly, Türkmenistan TOPH gaz geçirijisini we TOP elektrlik geçirijisini gurmak, demir ýollary abatlamak, täze ýollary gurmak we ş.m. taslamalary amala aşyrmak arkaly goňşy ýurdy ykdysady taýdan dikeltmek üçin ýardam berýär.

Taraplar Owganystanyň dikeldilmegi we bu ýurduň dünýä hojalyk ulgamlaryna goşulyşmagy bilen bagly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak nukdaý nazaryndan mundan beýläk hem giň halkara hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdiler.