Ï «Arkadag» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionyny uly hasap bilen utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionyny uly hasap bilen utdy

view-icon 4376
«Arkadag» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionyny uly hasap bilen utdy

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Arkadag» futbol topary ýene-de bir uly ýeňiş gazandy.

Paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçen 9-njy tapgyryň açylyş oýnunda paýtagtdan 30 km aralykda gurulýan döwlet ähmiýetli şäheriň milli çempionata ilkinji gezek gatnaşýan adybir topary Türkmenistanyň häzirki çempiony «Ahaly» ynamly ýeňdi – 5:2.

Hasaby 23-nji minutda «Arkadagyň» iň köp top geçiren oýunçysy we Türkmenistanyň geçen ýylky çempiony Didar Durdyýew jerime urgusyndan açdy. 5 minutdan soň Begmyrat Baýow netijäni iki esse köpeltdi. 39-njy minutda Meýlis Diniýew bir jogap topuny geçirdi we toparlar hasap Arkadagyň peýdasyna 2:1-kä arakesmä çykdylar.

52-nji minutda Didar Durdyýew ýer eýeleriniň artykmaçlygyny 3:1-e ýetirdi. 57-nji minutda – Ybraýym Mämmedow üstünligi 4:1-e ýetirdi. Iki minutdan soň Begenç Mämiýew aratapawudy iki topa çenli azaltdy. Gutarnykly hasaby bolsa 78-nji minutda Didar Durdyýew belli etdi.

Şu oýunda üç topy tora salan Didar Durdyýew jemi 12 topy tora salmak bilen, bombardirler ýaryşynda öňbaşçylygyny hasam berkitdi. «Altyn asyryň» oýunçylary Myrat Annaýew we Wahyt Orazsähedow ondan 7 top yza galýarlar.

Yzygiderli sekizinji ýeňşi gazanan «Arkadag» iň köp (24) utuk toplap, öňbaşçylyk ornuny berkitdi. «Altyn asyr» we «Köpetdag» ondan 10 utuk yzda, ýöne olar 1 oýny az oýnapdyrlar.

9-njy tapgyr şu oýunlar bilen tamamlanar: «Aşgabat» – «Köpetdag», «Nebitçi» – «Merw», «Energetik» – «Altyn asyr».