Ï Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 3709
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistan bilen BSG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen BSG-a goşulmak departamentiniň müdiri Maika Oşikawa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň BSG-niň Sekretariaty bilen bu ugurda kesgitli ugurlary göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyny taýýarlandygy we tassyklandygy nygtaldy.

M.Oşikawa, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly taýýarlyk çärelerini tamamlamak boýunça köp sanly meseläni ýerine ýetirmek üçin türkmen tarapynyň meýilnamalary bilen tanyşdyryldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistan, BSG-e girmegiň şertlerinden biri bolup durýan, daşary söwda ýagdaýy barada Ähtnamany taýýarlamak boýunça işjeň hereketleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, Pudagara hökümet toparynyň BSG-a girmek bilen baglanyşykly meselelerini öwrenmek boýunça yzygiderli işi bellendi. Bu ugurda BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary, Yslam Ösüş Banky we Aziýa Ösüş Banky ýaly halkara maliýe guramalary bilen işler ýola goýuldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyk meýilnamalaryna laýyklykda alnyp barylýan işlerde öňegidişligiň boljakdygyna ynam bildirdiler.