Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawy tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawy tamamlandy

view-icon 3696
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawy tamamlandy
camera-icon
tff.com.tm

Ýokary liganyň toparlaeynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawy Maryda, Balkanabatda we Aşgabatda 9-njy tapgyryň üç oýny bilen tamamlandy.

Mary welayatynyň dolandyryş merkeziniň ýerli «Energetik» futbol topary çempionlyk ugrunda «Arkadag» bilen üstünlikli göreşýän ýurdumyzyň wise-çempiony «Altyn asyr» futbol toparyny kabul etdi.

Bu duşuşyga çenli «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary ýaryşda öňde barýan futbol toparyndan 10 utuk yzdady. Elbetde, bu ýagdaý Ýazguly Hojageldiýewiň duşuşygyň ilkinji ýarymynda hasaby açan türgenlerini kanagatlandyrmaýardy. Toparyň kapitany Ahmet Ataýew 5-nji minutda pökgüni garşydaşlarynyň derwezesine saldy. 22-nji minutda ol ýene bir top geçirdi. 37-nji minutda Serdar Annamämmedow jogap pökgüsini saldy. 45-nji minutda arakesmä çykylmazdan ozal Rahman Myratberdiýew artykmaçlygy iki pökgä ýetirdi.

Ikinji ýarymda garşydaşlar ýene tapawutlandylar. Myhmanlardan Baýramsähet Sapargylyjowyň (78-nji minutda) geçiren pökgüsine Wahyt Orazsähedow (90-njy minutda) takyk urgusy bilen jogap berdi, netijede oýun 4: 2 hasabynda «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlandy.

Bu ýeňişden soň Türkmenistanyň ozalky çempiony 24 utuk toplan öňbaşçy «Arkadag» bilen aratapawudyny 7 utuga çenli azaltdy. 

Balkanabadyň «Nebitçi» futbol topary öz meýdançasynda Marynyň «Merw» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykyp, 16 utuk bilen üçünji orna geçdi. Duşuşykda: Arslangylyç Nazgylyjow (11 metrlik jerime urgusyndan 73-nji minutda) we Magtymberdi Berenow (85-nji minutda) tapawutlandylar. Eger 4-nji minutda Akmämmet Metdäýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs uran bolsa, ýer eýeleri has tapawutly utardylar. Ýeňijiler 89-njy minutda Seýitmämmet Hojamämmedow duýduryş kartoçkalarynyň ikisini alandan soň oýny azlykda tamamladylar.

Birinji aýlawyň jemleýji tapgyrynda «Köpetdag» «Aşgabatdan« 1:2 hasabynda utuldy we birinji üçlügine girmek mümkinçiligini giderdi. Ýeňijilerden Bäşim Gurbanberdiýew (58-nji minutda) we Jumamyrat Jumaýew (77-nji minutda), ýeňilenlerden Öwezbaý Muhammetmyradow (68-nji minutda - 11 metrlik jerime urgusyndan) derwezä girizen pökgileri bilen tapawutlandylar.

Bu ýeňişden soň «Aşgabat» 12 utuk bilen 14 utuk toplap, dördünji orunda barýan «Köpetdaga» has golaýlady.

Şondan soňky orunlary «Şagadam» (7 utuk), «Energetik» (6 utuk), «Merw» (5 utuk) we «Ahal» (3 utuk) eýeleýärler.

Türkmenistan futbol çempionatynyň 2-nji we 3-nji aýlawlarynyň oýunlarynyň senesi soň belli bolar.