Ï «Myselves» – beden hereketi bilen sanly tehnologiýalaryň arasyndaky baglanyşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Myselves» – beden hereketi bilen sanly tehnologiýalaryň arasyndaky baglanyşyk

view-icon 2885
«Myselves» – beden hereketi bilen sanly tehnologiýalaryň arasyndaky baglanyşyk
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropanyň güni we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Myselves» atly çykyş görkezildi.

Döredijilik çärede ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso: «Bu senäni bellemek bilen, sizi XXI asyryň häzirki zaman sungatynyň usulynda döredilen sahna oýnunyň üsti bilen tanyşdyrmak kararyna geldik. Mundan başga-da, biz Ýewropa Bileleşigine türkmen sungatyny tanatmagy hem meýilleşdirýäris. Bu dürli medeniýetleriň sungatynyň arasyndaky gyzykly gatnaşyk bolar» – diýdi.

«Myselves» atly çykyş sahna horeografiýasyny sanly we interaktiw tehnologiýalar bilen utgaşdyrýan Ýewropanyň häzirki zaman sungatynyň iň täze ugurlarynyň biridir.

Ýer ýüzünde millionlarça ýyla çeken adamzadyň döreýşi sahna oýnunyň, has dogrusy, baletiň esasy meselesi hökmünde alnypdyr. Suwuň ýüzüne çykýan howa köpürjikleri hereketsiz mahlugyň janynyň bardygyny tassyklaýar. Tomaşaçylar adamyň nähili kynçylyklar bilen aýak üstüne galşynyň, ýüzünde ilkinji duýgularyň nähili peýda bolşunyň, onuň özüni tebigatyň täji, Zeminiň eýesi ýaly duýup, şondan soňky üstünliklerine gümra bolşunyň şaýady boldular.

Akyl-paýhas berlen ynsan başda bolmak bilen başga-da köp mahluga jan berýän Zeminiň näderejede ejizdigi barada oý-pikire batan tomaşaçylar sahna oýnuny gowy garşyladylar.