Ï Nikolaý Amiýansyň doglan gününiň 89 ýyllygyna bagyşlanan konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nikolaý Amiýansyň doglan gününiň 89 ýyllygyna bagyşlanan konsert

view-icon 2543
Nikolaý Amiýansyň doglan gününiň 89 ýyllygyna bagyşlanan konsert
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Artýomowiç Amiýansyň 89 ýyllygy mynasybetli konsert boldy.

Bir zady öňünden belläp geçeliň, adatça, doly seneleri bellemek umumy kabul edilen düzgündir. Türkmen skripka mekdebini esaslandyryjy N. A. Amiýans entek işläp ýören döwri hem, onuň okuwçylary halypalarynyň her doglan güni üçin konsert taýýarlaýardylar. Ony tanaýanlar we bile işlän adamlar bu däbi bu günki gün hem dowam etdirýärler.

Meşhur skripkaçy Bahram Dolyýew şeýle gürrüň berýär:

– Men konserwatoriýa okuwa girip, Nikolaý Artýomowiçiň saz çalşyny eşidenimde, güwläp inen duýgularym ýüregimi mynçgalady. Meniň öňümde ilkinji gezek ymtylmaly dereje peýda boldy.

Nikolaý Artýomowiç özi hakynda gürrüň berende, skripkany ilkinji gezek çagalygynda eline alandygyny, şondan bärem ondan aýrylmaýandygyny aýdardy. Ol meşhur skripkaçy bolup biljek eken, ýöne özünde mugallymlyk ukybynyň bardygyny ir duýup, abraýly ýaryşlara gatnaşmandyr. Onuň yhlasy bilen ýurdumyzyň öz skripka mekdebi döredi. Indi biziň skripkaçylarymyz halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar, döwletimiziň abraýyny artdyrýarlar.

Konserte Nikolaý Artýomowiçiň dostlary we garyndaşlary, şeýle hem kärdeşleri, şägirtleri gatnaşdylar. Konsert kirişli saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde Gendeliň “Passakaliýa” eseri bilen açyldy we Nury Halmämmedowyň, Aleksandr Spendiýarowyň, Sergeý Rahmaninowyň, Sergeý Prokopýewiň, Aram Haçaturýanyň, Morris Raweliň, Amadeý Mosartyň eserleri hem ýaňlandy. Konsertde Nikolaý Artýomowiçiň iň gowy gören eserleriniň biri – Gara Garaýewiň “Ýedi gözel” baletinden walsyň ýerine ýetirilendigi bellärliklidir.

Konserte konserwatoriýanyň talyplaryndan we mugallymlaryndan başga-da 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň, TMK-nyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylary, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary-da gatnaşdylar.