Ï Tennis boýunça Merkezi Aziýa birinjiligi ugrundaky ýaryşa (U-12) gatnaşjaklar Aşgabada gelýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tennis boýunça Merkezi Aziýa birinjiligi ugrundaky ýaryşa (U-12) gatnaşjaklar Aşgabada gelýärler

view-icon 2893
Tennis boýunça Merkezi Aziýa birinjiligi ugrundaky ýaryşa (U-12) gatnaşjaklar Aşgabada gelýärler

12 ýaşdan geçmedik oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa birinjiligine gatnaşjaklar Türkmenistanyň paýtagtyna gelýärler. Ýaryşlar 5-nji iýundan 10-njy iýuna çenli Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçiriler.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda habar berlişine görä, 1-nji iýunda Aşgabat şäherine ilkinji bolup Gazagystanyň topary geldi. Ertesi gün otly bilen owganystanly tennisçiler geldiler. Soňra paýtagtymyzda Özbegistanyň toparyny gyzgyn garşyladylar. Oňa dünýäniň öňki on altynjy tennisçisi, Wimbildondaky Uly Ýetginjek tuwalgasy we Açyk ABŞ ýaly köp sanly ýaryşyň ýeňijisi, häzir bolsa Milli Tennis federasiýasynyň baş kätibi Iroda Tulýaganowa ýolbaşçylyk edýär.

Halkara (ITF) we Aziýa (ATF) tennis federasiýalarynyň wekilleriniň hem gelmegine garaşylýar. Şu sebitleýin ýaryş şolaryň howandarlygynda geçiriler.

Aşgabat ýaryşyna Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň tennis toparlary hem gatnaşýarlar. Olara, degişlilikde, Täjigistanyň tennis federasiýasynyň wise-prezidenti Abdurasul Muhiddinow we Gyrgyzystan Respublikasynyň tennis federasiýasynyň başlygy Nureddin Medetow ýolbaşçylyk edýärler.

12 ýaşdan geçmedik oýunçylaryň arasynda Merkezi Aziýa tennis birinjiliginiň bije atyşlyk senesi soň yglan ediler.

Türkmenistanda Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň howandarlygynda ikinji gezek sebitleýin ýaryş geçirilýär.

Dört ýyl ozal, Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýanyň hut şunuň ýaly ýaryşynda oglan-gyzlar toparymyz üçünji orny eýeläpdi.