Ï Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

view-icon 4481
Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry
camera-icon
Igor Lomow

Şu gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Forum her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralyp, ol bu ugurda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemäge, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň, taslamalarynyň durmuşa geçirilişinde ýetilen üstünlikler hem-de sepgitler bilen giň dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga gönükdirilen çäre bolup durýar.

Maslahata ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça düzümleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly sebit we halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri ýüzbe-ýüz görnüşde we sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. «Adamzadyň durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlyk halkara hyzmatdaşlyk bilen pugta baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar. Bu sözler ekologik foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň esasy many-mazmunyny özünde jemledi. Plenar mejlisde bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk we özara halkara baglanyşyk ählumumy ekologik meseleleri dünýäniň ýöriteleşdirilen guramalary we dünýä döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda çözmek başlangyjy bilen çykyş edýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň çykyşynda belleýşi ýaly, howanyň üýtgemegi we onuň täsirleri netijesinde döreýän ýagdaýlar bilen baglanyşykly geçirilýän giň gerimli dialoglara üç ýyldan bäri ýaşlar giňden çekilýär. Bu ugurda her ýyl Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Beýik Britaniýanyň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda ýaşlar maslahaty geçirilýär. Maslahatyň çäklerinde Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmek boýunça taraplaryň maslahatynyň ýokary wezipeli wekillerine ýüzlenme kabul edilýär.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu sanly ulgam arkaly eden çykyşynda bu guramanyň oba hojalygyny daşky gurşaw täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmek, azyk howpsuzlygyny berkitmek boýunça maksatlara ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýandygyny nygtady. Munuň şeýledigine ýer kadastry boýunça tehniki hyzmatdaşlygyň maksatnamasynyň bilelikde işlenip düzülen taslamasy hem şaýatlyk edýär. Ol ýerleriň ulanylyşynda esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge, durnukly usullary ornaşdyrmaga we gyzyklanma bildirýän ähli taraplara ýer serişdelerine deň elýeterliligi üpjün etmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, FAO “Hemra suratlarynyň we geografik maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen öri meýdanlarynyň monitoring ulgamyny gowulandyrmak”, “Balyk gorlaryna baha bermek we gözegçilik etmek” ýaly başlangyçlaryň çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan kömek bermäge meýillidir.

Forumyň dowamynda sebitde daşky gurşaw boýunça gepleşikleriň geçirilmeginde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde Türkmenistanyň daşky gurşawyň üýtgemegi boýunça bäşinji Merkezi Aziýa maslahatynyň işine özüniň goşandyny goşandygy bellenildi. Bu maslahat degişli ugurda täze gözlegleri, öňdebaryjy çemeleşmeleri öňe sürmek, özara tejribeleri alyşmak babatda üstünlikli meýdança boldy. Şeýle-de forumda daşky gurşawy goramak boýunça türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň öňdebaryjy tejribeleri, tebigatymyzyň baý biodürlüligini gorap saklamaga we artdyrmaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýetilen üstünlikler barada aýdyldy. Tebigy mümkinçilikleriň oýlanyşykly ulanylmagy, “ýaşyl” energetikada ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalar esasynda önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy ägirt uly syýahatçylyk we dynç alyş mümkinçilikleriniň ýerlikli ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Soňra forumyň işi bir wagtda iki mowzuk boýunça ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen mejlislerde dowam etdi. “Daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary” ady bilen geçirilen birinji mejlisiň mazmunyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gurak we şor ekerançylyk sebitlerinde tebigy serişdeleri kadaly ulanmagyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmagyň meselelerini, daşky gurşawyň üýtgemegi bilen bagly döräp biljek migrasiýa alamatlarynyň häsiýetlerini özünde jemleýän çykyşlar düzdi. Türkmenistanyň aýratyn goralyp saklanýan tebigy çäklerinde biologik dürlüligi saklamak we öwrenmek boýunça halkara ylmy barlaglar barada aýdyldy.

Türkmen tarapyndan çykyş edenler Aralýaka sebitde döräp biljek tebigy ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça soňky ýyllarda taýýarlanan taslamalarda diňe bir ylmy usullaryň ulanylman, eýsem, ýokary derejeli döwrebap tehnologiýalaryň hem ornaşdyrylmagy babatda işleriň ilerledilýändigini bellediler. Şeýle ugurlaryň biri hökmünde dürli landşaftlaryň ýerüsti we ösümlik goruny anyklamak arkaly uzak aralykdan zondirlemek boýunça tehnologiýalary görkezmek bolar. Bu tehnologiýalar esasynda alnan maglumatlar arkaly sanly ulgamyň üsti bilen gözegçiligi alyp barmak, biodürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen milli meýilnamalary gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamak mümkin.

Gidrometeorologiýa pudagynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklaryň ýörelgeleri bilen baglylykda, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça görülýän çärelere hem möhüm ähmiýet berildi. Bellenilişi ýaly, Hazarýaka döwletleriň gidrometeorologiýa gulluklarynyň deňiz ýakasynda öz stansiýalary hereket edip, olardan alynýan maglumatlar ylmy barlaglar alnyp barlanda we Hazar deňziniň suw derejesi öwrenilende giňden ulanylýar. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Garagum sährasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Döwrebap “ýaşyl” tehnologiýalar Hazaryň kenarynda ýerleşen, sebitiň mineral çig mal, biologik, sagaldyş, dikeldiş hem-de syýahatçylyk mümkinçilikleriniň toplumlaýyn we ýerlikli ulanylmagynyň mysaly bolup durýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşygynda möhüm şert bolup durýar.

Maslahatyň “Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň ähmiýeti” ady bilen geçirilen ikinji mejlisinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara ekologik terbiýe bermek, ony okatmak boýunça usulyýetleriň aýratynlyklary we bu ugurda tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurak howaly ýurtlarda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň ekologik taraplary barada durlup geçildi. Biziň ýurdumyzda ylymda gazanylanlaryň, suw serişdelerini tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna suwuň netijeli ulanylmagyna we ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ilaty arassa suw bilen üpjün etmek maksady bilen, netijeli işler alnyp barylýar. Suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze suw howdanlary we desgalary gurulýar.

Tebigaty goramak pudagynda alnyp barylýan netijeli işleriň hatarynda ýerleriň meliorasiýasyna degişli meseleleri ylmyň, tehnologiýanyň gazananlary we innowasion çemeleşmeler esasynda öwrenmek boýunça soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän iri suw taslamalaryny görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ähmiýetini nygtamak zerurdyr. Gaýtalanmajak bu gidrotehniki toplum diňe bir Garagum sährasynyň tebigy gurşawyna däl-de, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyna özüniň oňyn täsirini ýetirip, möhüm durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, şol sanda, suw we ýer serişdelerini netijeli ulanmaga, çöl ýerlerini özleşdirmäge, öri meýdanlaryny artdyrmaga, maldarçylygy, ekerançylygy ösdürmäge amatly şertleri döredýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda tebigaty goramak bilen bagly alnyp barylýan işler üçin maslahata gatnaşyjylaryň döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygy beýan edilip, tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagy we daşky gurşawyň goralmagy babatda ekologik taýdan ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda ähli tagallalaryň ediljekdigi beýan edilýär. Maslahatyň çäginde Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda tebigaty goramak ulgamynda ýurdumyzda ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi hem guraldy. Onda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine möhüm orun berildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da ýaýbaňlandyryldy.

Şu gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň kiçi mejlisler zalynda “Merkezi Aziýada suw desgalarynyň durnukly ösüşi üçin suw serişdelerini dolandyrmak boýunça netijeli garaýyşlar” ady bilen onlaýn görnüşde forum geçirildi. Ol Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäginde durnukly geljek üçin suw gorlaryny we desgalaryny dolandyrmak boýunça özara garaýyşlary paýlaşmak maksady bilen guraldy. Foruma Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Forumda adamzat ösüşiniň ähli ugurlary bilen baglanyşykly bolan suw serişdeleriniň netijeli ulanylyşyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugur boýunça dolandyryşyň netijeliligini artdyrmak bilen bagly teklipler beýan edildi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň jemi boýunça Merkezi Aziýada suw desgalarynyň durnukly ösüşi üçin suw serişdelerini dolandyrmakda ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi we degişli çözgütler kabul edildi. Öňe sürlen teklipleri hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna girizmek we giňişleýin öwrenmek barada bellenildi. Foruma gatnaşyjylar öňe sürlen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky suw hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.