Ï Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi

view-icon 3594
Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu gün türkmen paýtagtynda 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara tennis federasiýasy we Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap döwletimiz sport ulgamynda belent sepgitlere ýetýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ägirt uly sport baýramyna öwrülip, türgenlerimiziň gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen taryha girdi. 2018-nji ýylda bolsa “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Ine, paýtagtymyzda ýene-de bir sebitleýin ýaryş geçirilip, onda 6 ýurduň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş tennisçileri toparlaýyn birinjilik ugrunda bäsleşýärler.

Bu sport çäresiniň geçirilmegi ugrunda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Tennis federasiýasy tarapyndan toplumlaýyn esasda taýýarlyk görüldi. Munuň üçin paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde türgenler we ýaryşa gatnaşjaklaryň hemmesi, myhmanlardyr janköýerler üçin zerur şertler döredildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň üç ýokary okuw mekdebiniň — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan 170 meýletinçi taýýarlanyldy.

Ýaryşyň açylyş dabarasy Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi. Bu şäherçe türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen guruldy. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitindäki bu iri sport desgasy halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän, türgenlerdir saglygyny berkitmek isleýän islendik adam üçin türgenleşik we sagaldyş merkezine öwrüldi.

Bu gün Olimpiýa şäherçesiniň 4 müň orunlyk toplumyny baýramçylyk ruhy gurşap alyp, oňa köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Hemmeler dabaraly pursada — sport ýaryşynyň açylyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ine-de, uzak garaşylan pursat ýetip gelýär. Sport toplumynyň ýaryş meýdançasyna sebitleýin sport çäresine gatnaşýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň astynda türgenler toparlary gelýärler. Olar hatara düzülýärler. Sport ýaryşynyň resmi açylyşyna badalga berilýär.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy E.Döwletow açylyş dabarasyna gatnaşyjylara giriş sözi bilen ýüzlendi. Sportuň, şol sanda tennis sportunyň ösdürilmegine berýän uly ünsi, nobatdaky iri sebitleýin ýaryşy ýokary derejede geçirmäge döredip beren mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza ähli dabara gatnaşyjylaryň adyndan çuňňur hoşallygyny bildiren milli tennis guramasynyň başlygy hemmeleri sport ýaryşynyň başlanmagy bilen gutlap, oňa gatnaşyjylara üstünlikli çykyş etmegi arzuw etdi.

12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy açyk diýlip yglan edilenden soňra, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Onuň owazynyň astynda Döwlet baýdagymyz belende galdyryldy.

Soňra Halkara tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça wekili Amir Borgeýä söz berildi. Myhman dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabatda — açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny nygtady. Ajaýyp sport desgalary bilen bilelikde, bu sport ýaryşyny geçirmek üçin türkmen tarapyndan ähli şertleriň döredilendigini nygtan jenap Amir Borgei Halkara tennis federasiýasynyň adyndan tennis sportuny ösdürmäge goşýan ägirt uly goşandy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Açylyş dabarasy Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we Karate-do federasiýasynyň sport mekdeplerinde tälim alýanlaryň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň tans toparlarynyň çykyşlary bilen tamamlandy. Sport ýaryşy 6 döwletiň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekillerini bir ýere ikinji gezek jemlän sebitleýin sport çäresi hökmünde taryha girdi. Bu ýurtlaryň ählisiniň wekilleriniň gatnaşmaklaryndaky ilkinji sport ýaryşy hem 2019-njy ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilipdi.

Ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi-de sport ýaryşyna üstünlikli başladylar. Aşgabat şäherinden Süleýman Hudaýberdiýewiň we Nazargeldi Amangeldiýewiň, Türkmenabat şäherinden hem Aly Geldiýewiň çykyş edýän oglanlar topary gyrgyzystanly bäsdeşlerini 3:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. Aşgabat şäherinden Aýlar Kakabaýewanyň, Anna Ponýatowanyň we Näzli Hudaýgulyýewanyň çykyş edýän gyzlar topary hem şol hasapda Gyrgyzystandan gelen bäsdeşlerini ýeňmegi başardy.

Özbegistandan gelen oglanlar we gyzlar toparlary täjigistanly bäsdeşlerinden 3:0 hasabynda üstün çykdylar. Gazagystanly ýaş tennisçiler owganystanly bäsdeşlerini 3:0 hasabynda ýeňdiler.

Ýaryşy guraýjylar oňa gatnaşyjylar üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarladylar. Bu maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar “Nusaý” taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler. Sport ýaryşynyň ahyryna çenli Janly tebigatyň milli muzeýine hem gezelenç guralar.