Ï “Kesgir bulak” gorag nanotor önümçiligini özleşdirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Kesgir bulak” gorag nanotor önümçiligini özleşdirdi

view-icon 4133
“Kesgir bulak” gorag nanotor önümçiligini özleşdirdi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň saýty dünýäniň ösen ýurtlarynyň iň täze tehnologiýalaryny, enjamlaryny we tejribesini ulanýan “Kesgir bulak” hususy kärhanasynyň başlygy, telekeçi Ruslan Karanowdygyny habar berýär.

2014-nji ýylda döredilen bu kärhana köp isleg bildirilýän harytlary öndürmekde nanotehnologiýany ulanmak bilen, gorag torlaryny öndürip başlady. Öýleriň we jaýlaryň penjireleri üçin niýetlenen bu “süzgüç” ýuka nanomateriallardan ýasalýar. Toruň gözenekleri beýleki gorag torlarynyňkydan has kiçi.

Hünärmenleriň we tor eýeleriniň pikiriçe, bu toruň artykmaçlygy ol ulanylanda, öýde tozan ýygnanmagy, bakteriýalaryň we mör-möjekleriň içerik girmegi ýaly meseleleriň aradan aýrylmagyndadyr.

Penjiredir gapy üçin “süzüji” torlar Günorta Koreýa respublikasynyň alymlary tarapyndan oýlanyp tapylan önümdir. Önümiň hyzmat möhleti 10 ýyla çenli we aýratyn ideg talap etmeýär. Nanotory adaty suw akymy bilen ýuwmak ýeterlikdir. Müşderiniň islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, “Kesgir bulagyň” hünärmenleri tory üç tapgyrda gurýarlar. Ilki bilen dakyljak toruň ululygyny kesgitlemek üçin, ölçegler alynýar, soňra ol taýýarlanýar we buýurmanyň ýerine ýetirilmegi gurnama işleri bilen tamamlanýar.