Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Geňeşiniň işine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Geňeşiniň işine gatnaşdy

view-icon 4802

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Geňeşiniň (WCO) 2023-nji ýylyň 22-24-nji iýuny aralygynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

1993-nji ýylda Bütindünýä gümrük guramasyna giren Türkmenistan Geňeşiň – iň ýokary karar çykaryjy organyň ýyllyk mejlislerine yzygiderli gatnaşýar.

Geňeşiň mejlisinde ýylyň dowamynda edilen işlere garaldy. Geňeş 2022-2025-nji ýyllar üçin Strategik meýilnamany durmuşa geçirmekde, esasanam tehnologiýa we innowasiýa, “ýaşyl gümrük”, dolandyryş we hasabata degişlilik ýaly möhüm ugurlarda gazanylan öňe gidişligi maglumat hökmünde kabul etdi.

Geňeşde gümrük işiniň dürli ugurlary, şol sanda mümkinçiligi artdyrmak, gelip çykyş düzgünleri, baha kesmek, nomenklatura we toparlara bölmek, talaplary berjaý etmek söwdany ýeňilleşdirmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem çykyşlarda serhedaşa söwdany dolandyrmagy gowulandyrmak üçin, Geňeşiň dürli iş guramalary tarapyndan işlenip düzülen halkara ülňülerine, görkezmelerine we maslahat berilýän tejribelerine deglip geçildi.

Mejlisiň dowamynda gümrük gulluklarynyň baş müdirleri ABŞ-ly Ýan Sondersi bäş ýyllyk möhlet bilen Geňeşiň täze Baş sekretary wezipesine saýladylar. Olar, şeýle hem, Günorta Afrikanyň salgyt gullugynyň komissary Edward Kiswetteri Geňeşiň başlyklygyna saýladylar. Mundan başga-da, başlygyň täze sebitleýin orunbasarlary bellenildi.