Ï Arkadag şäherinde “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirilýär

view-icon 5927
Arkadag şäherinde “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirilýär
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu gün täze şäherdäki “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirilýär.

Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şeýle hem öňdebaryjy halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maliýe gurluşlarynyň we iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Forumyň işine türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, banklaryň, ugurdaş ylmy edaralaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy, onda şunuň ýaly çäreleriň netijeli hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, berkitmek we dostlukly gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtalýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bu forumyň milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüş mümkinçiligi, Arkadag şäheriniň sosial-ykdysady we senagat taýdan ösüşi üçin maýa goýumlaryny çekmegi güýçlendirmäge, şeýle hem kuwwatly döwletiň galkynyş zamanasynda “akylly şäher” düşünjesiniň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirilýär.