Ï Daşoguz welaýatynyň telekeçilerinden önduriliýän miwe we nektarlar şireleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň telekeçilerinden öndüriliýän miweler we nektarlar şiresi

view-icon 4410

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda işewürlik toparlary üstünlikli zähmet çekýärler. Olar şireler, nektarlar we saýlanan miwelerden we gök önümlerden taýýarlanan dürli kompotlar görnüşinde ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek bilen meşgullanýar. Bu maksatlar üçin telekeçiler 350 tonna gök önümleri we miweleri birbada saklamak üçin döwrebap sowadyjy ammar gurdular.

Hususy kärhanalar guradylan miweleri öndürmek üçin, täze hasyly gaýtadan işlemek möwsümine taýýarlanýarlar. Olaryň biri hem telekeçi Z.Dowletowyň kärhanasydyr. Kärhananyň hünärmenleri eýýäm enjamlaryň barlag we bölekleýin abatlamak işlerini amala aşyrdylar. Şawat etrabynyň çäginde ýerleşýän bu önümçilik kärhanasy, täze hasyly gaýtadan işlemek, şol sanda kesmek, çigidini aýyrmak we guratmak ýaly ähli zerur işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilen.

Ýylda kärhana 100 tonna çenli witaminli önümlerini taýýarlaýar. Telekeçiniň aýdyşyna görä, önümçilige zerur çig maly, esasan, ýerli bazarlarda satyn alynýar.

Häzirki döwürde welaýatda hususy önüm öndürijileriň zähmetleri bilen, bagbançylyk, miwe we gök önümleriniň mukdary yzygiderli ardyrylýar.

Şu günler hususy kärhanalar ýetişdirilen hasyly aýawly saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur bolan çäreleri görýärler.