Ï Balkanly nebitçiler üçin täze tehnikalar gelip gowuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanly nebitçiler üçin täze tehnikalar gelip gowuşdy

view-icon 3792
Balkanly nebitçiler üçin täze tehnikalar gelip gowuşdy
camera-icon
Andreý Pakulow

«Türkmennebit» döwlet konserni Diýarymyzda iň iri önümçilik-hojalyk pudagy bolmak bilen, nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda hem-de olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa «Türkmenistanda nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde wajyp orun tutýar.

Bu ugurda gürrüňi edilýän konserniň beýleki önümçilik düzümleri bilen birlikde Balkan welaýatyndaky «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň hünärmenleri hem mynasyp hyzmatlary bitirýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze tehnikalarydyr enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Ýeri gelende aýtsak, döwlet konserniniň degişli önümçilik düzümlerine şu ýylyň barşynda şeýle tehnikalaryň ýedisi gelip gowşupdy.

Ýaňy-ýakynda hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň Günbatar sebitdäki “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestine ýöriteleşdirilen kuwwatly göteriji tehnikalar gelip gowuşdy. Hytaý Halk Respublikasyndan şertnama esasynda satyn alnan «XJ-450» hem-de «XJ- 650» kysymly 9 sany göteriji tehnika, milli däplerimize görä, kümüş saçly eneleriň un sepmekleri bilen garşylandy. Şu mynasybetli welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş Müdirliginiň giň howlusynda dabara guraldy. Onda çykyş edenler gelip gowşan täze tehnikalaryň önüm bermesini kemelden ýa-da bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işlerini gysga möhletlerde ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berjekdigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem olar önümçilik maksatly täze tehnikalary yzygiderli satyn alyp berýän döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňra täze göteriji tehnikalar uglewodorod çig malyna baý ýataklarda dessine işe girizildi. Bu ýerde paýtagtymyzdaky Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplary-da täze, kuwwatly göteriji tehnikalarda tomusky önümçilik tejribeliklerini geçdiler.