Ï Türkmenabatly himiýaçylaryň ýokary netijeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenabatly himiýaçylaryň ýokary netijeleri

view-icon 5365
Türkmenabatly himiýaçylaryň ýokary netijeleri

Ýurdumyzyň iň iri kärhanalarynyň biri hasaplanylýan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň himiýa zawodynyň agzybir işgärleri şu ýylyň alty aýyny ýokary zähmet netijeleri bilen tamamladylar. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde ýylyň başyndan bäri oba hojalygy üçin möhüm bolan fosforly mineral döküniniň, ýagny ammonili superfosfatyň meýilnamada bellenilen 126 müň 500 tonnasyna derek 135 müň tonnadan gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 106,9 göterim amal edildi. Kärhanada öndürilýän önümleriň oba hojalyk ulgamynda ulanmagyň has amatly usullarynyň gözlenilýändigini hem bellemek bolar. Muňa mysal edip, superfosfat önüminiň düwürlenen, ýagny dänelenen görnüşiniň – meliorantyň önümçliginiň ýola goýlandygyny, onuň bolsa, ekin meýdanlaryna dökün berlende örän amatlydygyny görkezmek bolar. Munuň şeýledigini bu kärhananyň adyna gelen döküniň şu görnüşini ulanmaklygyň örän amatlydygy baradaky hoşallyk hatlary-da doly subut edýär. Şeýle hatlaryň biri Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan iberilipdir. Onda gowaça ekişine taýýarlyk döwründe düwürlenen bu döküniň, ýagny meliorantyň synag üçin ulanylandygy, onuň agrotehniki kadalara laýyk gelýändigi, oba hojalyk tehnikalarynda ulanylanda örän amatlydygy, ýere sepilende we daşalanda ýitgileriň ýokdugy, tejribeli daýhanlar tarapyndan oňlanylandygy aýdylyp, geljekde hem bu ugurda himiýa zawody bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdikleri hoşallyk bilen bellenilýär.

Kärhanada öndürilýän önümleriň görnşleriniň köpdügini hem aýdyp geçmek bolar. Bu ýerde ýylyň başynda bäri 186 tonna elektrolit öndürilip, onuň ösüş depgini geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 160 göterimden aşypdyr. Kärhanada ösümlikleriň ösüşini sazlaşdyrýan suwuk görnüşli serişde – oksigumat öndürmek boýunça hem ýokary netije gazanylypdyr. Gowaça, däneli, gök we bakja ekinleri, şeýle hem ýeralma ekilende ulanylýan bu döküniň şu ýylyň alty aýynda 200 tonnasy öndürilip, ösüş depgini 151 göterimden gowrak bolupdyr.

Şeýle hem kärhananyň işgärleri ýylyň alty aýynyň dowamynda kükürt kislotasynyň 46 müň tonna golaýyny öndürmegiň hötdesinden gelipdiler. Ýeri gelende kükürt kislotasyny öndürýän desganyň durkunyň täzelenip, Ýaponiýanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigini, bu bolsa önümleri ýokary hil derejesinde öndürmäge mümkinçilik berýändigini belläp geçmek möhümdir. Kükükt kislotasy sehinde taýýar önümiň 20 müň tonnasyny saklamaklyga niýetlenen ammaryň we taýýar önümleri daşamak, sarp edijilere ýetirmeklik üçin ýöriteleşdirilen täze wagonlaryň 20 – siniň bomaklygy işleri bökdençsiz we öz wagtynda ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berýär.

Kärhanada yzygiderli alnyp barylýan gözlegler netijesinde öndürilýän önümleriň görnüşleriniň sany barha artýar. Bu ýerde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ulanylýan keramiki önümleriň dürli görnüşlerini, dürli ölçegdäki polietilen we polipropilen turbalary hem-de çelekleri we beýleki dürli himiki serişdeleri öndürmeklik ýola goýlupdyr.

Kärhanada häzirki wagtda 1 müň 300-den gowrak işçidir hünärmenleriň zähmet çekýändigini, bu ýerde tejribeli hünärmenler bilen birlikde ýaşlaryň hem ençemesiniň işleýändiklerini bellemek bolar. Şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň tehniki orta hünär okuw mekdebinde ýurdumyzyň halk hojalygy üçin wajyp önümlei öndürýän bi iri kärhana üçin ýörite hünärmenler taýýarlanylýar. Bu bolsa, zawodda zähmet çekýän ýaşlaryň sanynyň artmagyna, “Halypa-şägirtlik” usulynyň ýola goýulmagy bilen işleriň has-da ilerlemegine ýardam edýär.