Bu resminama Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Katar döwletine iş sapary dowamynda gol çekildi. Bu barada TSSE-niň saýtynda habar berilýär.
Saparyň esasy maksady 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 29-njy martyna çenli Kataryň paýtagtynda “Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat” şygary astynda geçiriljek “EXPO-2023 Doha” halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy boýunça guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdy.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň sapary dowamynda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek meseleleri boýunça Katar döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşyk guraldy.
Bu halkara sergisini ýa-da «EXPO-2023» geçirmek üçin, Dohada 80 gektar meýdan bölünip berlipdir. Guramaçylar «EXPO-2023» dünýäni taryha girip biljek çärä çagyrmak bilen, innowasiýanyň, durnukly ösüşiň, alyş-çalşyň, medeniýetiň we güýmenjäniň görkezme sergisi bolar diýýärler.