Ï Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy

view-icon 4917

Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek, bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalar hem-de beýleki döwletleriň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk çygryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak we milli hünärmenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem bu ugurda işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň degişli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Meýilnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.