Ï Arkadag şäherinde çagalar seýilgähi «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti gurar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde çagalar seýilgähi «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti gurar

view-icon 6223

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 7-nji martynda çykaran 473-nji Kararyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we çagalar seýilgähini 2026-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.