Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory iş saparlaryny amala aşyrdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory iş saparlaryny amala aşyrdylar

view-icon 3255

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyz we Daşoguz welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy. Wise-premýer iş saparynyň dowamynda Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, saparyň jemlerine bagyşlap, Daşoguz welaýatynda iş maslahatyny geçirdi.

Wise-premýer Aşgabat şäheri boýunça iş saparynyň barşynda paýtagtymyzyň seýilgähleriniň abadanlaşdyrylyşy, awtoduralgalaryň enjamlaşdyrylyşy, şäheriň şaýollarynyňdyr köçeleriniň ýagdaýy, ýol-ulag hojalygynyň işi, köçe-ýol belgileriniň hem-de çyzgylarynyň talabalaýyk ýerleşdirilişi bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň iş sapary Daşoguz welaýatynda dowam etdi. Wise-premýer sebitiň ähli düzümleriniň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň bökdençsiz energiýa üpjünçiliginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajyp wezipedigini aýtdy. Sebitiň önümçilik we durmuş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, Daşoguz döwlet elektrik bekediniň netijeli işini üpjün etmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr.

Wise-premýer welaýat häkimliginde Aşgabat şäheri we Daşoguz welaýaty boýunça iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň abadançylygyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen belent maksatlary durmuşa geçirmek, ähli ulgamlarda ýokary görkezijileri gazanmak ugrunda gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

***

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäklerinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň desgalaryna baryp gördi we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň awtoulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär hem-de kämilleşdirilýär, jemgyýetçilik ulaglarynyň hyzmatlarynyň derejesi ýokarlanýar. Soňky ýyllarda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň işgärleri alyp barýan işlerine ösen tejribäni we täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şol bir wagtyň özünde, obalary we şäherleri döwrebap aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň iş sapary Balkan welaýatynda dowam etdi. M.Çakyýew welaýatyň Jebel şäherçesinde häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Halkara howa menziline geldi. Gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrylan bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, halkara howa ugurlarynyň sany artar we ilata edilýän hyzmatlaryň derejesi ýokarlanar.

Soňra M.Çakyýew Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda bolup, bu ýerde durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde portuň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda, gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri abatlamak işleri alnyp barylýar. Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory portuň ýük terminallarynyň işi bilen gyzyklandy. Deňiz menzilinde zähmet çekýän hünärmenler portuň terminallarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdylar.

Soňra M.Çakyýew Balkan welaýatynyň etraplarynyň häkimleriniň we gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, önümçilik kuwwatlyklarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, ulag we aragatnaşyk toplumy milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmakda we halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin toplumlaýyn çäreler görülýär.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar özleri üçin döredilýän şertlerdir giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar hem-de öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.