Ï Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny getirmek meselesini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny getirmek meselesini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy

view-icon 5641

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny getirmek meselesini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.

«Energetika ulgamynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem gün batareýalaryny peýdalanmak boýunça german tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardyrys» – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen, Germaniýanyň wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmek isleýändigimizi nygtady.