Ï Halk Maslahatynyň Başlygy GFR-e oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmegi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halk Maslahatynyň Başlygy GFR-e oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmegi teklip etdi

view-icon 4153

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda GFR-iň kompaniýalaryna oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmegi teklip etdi.

«Oba hojalyk pudagynda Türkmenistan bilen «Сlaas» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesini nazara almak bilen, innowasion çemeleşmeli, öňdebaryjy «ýaşyl» tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmegi teklip edýäris» – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de «Сlaas» kompaniýasy bilen bilelikde, ýurdumyzyň oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň nobatdaky tapgyryny getirmek üçin önüm öndürijileriň birleşigi döredildi.

«Biziň hünärmenlerimiz bu kompaniýanyň täjirçilik teklibini amala aşyrmak meselelerine girişmäge taýýardyrlar» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.