Ï Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy

view-icon 3791

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy.

«Biz Germaniýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanda döwrebap ulag infrastrukturalaryny we kommunikasiýalaryny gurmak boýunça taslamalara özleriniň gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrýarys» – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, häzirki günde ýurdumyzda täze awtomobil we demir ýol ulag halkalarynyň we geçelgeleriniň gurluşygy, howa we deňiz portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiýasiýalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasdaky iş duşuşyklaryny ýola goýmak teklip etdi.

«Duşuşygyň gün tertibine german kompaniýalarynyň Türkmenistanda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, hyzmat ediş merkezlerini döretmäge, ulag ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gatnaşmagy ýaly meseleleri girizmek bolar» – diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hususan-da, Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, «Deutsche Bahn» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiligi bizde gyzyklanma döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri raýat awiasiýasy ulgamynda Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek mümkinçiligine şeýle hem Türkmenistanyň howa menzillerini bilelikde dolandyrmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin degişli hukuk binýadyny taýýarlamak zerurdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.