Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri german kompaniýalaryna ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze taslamalara gatnaşmagy teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri german kompaniýalaryna ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze taslamalara gatnaşmagy teklip etdi

view-icon 3832

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda german kompaniýalaryna ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze taslamalara gatnaşmagy teklip etdi.

«Himiýa senagatynda german kompaniýalarynyň Türkmenistandaky «Tejenkarbamid» zawodynda abatlaýyş-dikeldiş hem-de bölekleýin döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýäris. Meselem, «ThyssenKrupp» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy maksadalaýyk hasaplaýarys » – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, şol bir wagtyň özünde german hyzmatdaşlarymyz bilen Türkmenistanda Garlyk kaliý dag magdan toplumyny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak we ösdürmek boýunça täze toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmek mümkinçiligi baradaky gepleşikleri dowam etmegi möhüm hasaplaýarys.

«Mälim bolşy ýaly, bu ugurda biz eýýäm «Erсosplan», «Ka-Utek», «Sсhaсhtbau» nemes kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýäris» – diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.