Ï Howanyň üýtgemegi şertlerinde obanyň ýaşaýjylarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça okuw guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Howanyň üýtgemegi şertlerinde obanyň ýaşaýjylarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça okuw guraldy

view-icon 4520
Howanyň üýtgemegi şertlerinde obanyň ýaşaýjylarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça okuw guraldy

Azyk we oba hojalyk guramasy FAO we Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň GEF «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» (CACILM-2) taslamasy Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça netijeli işe goşant goşýar.

Taslamanyň synag meýdançalarynda üýtgeýän howanyň we ýygy-ýygydan gurakçylygyň şertlerinde öri meýdanlaryny we suwarymly oba hojalygyny durnukly dolandyrmak pudagynda oba ýaşaýjylarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen birnäçe okuw dowam edýär.

CACILM-2 hünärmenleri oba hojalygynyň meselelerini netijeli çözmek we howanyň töwekgelçiligine taýýarlygy ýokarlandyrmak üçin zerur bilimleri geçirmek üçin tagalla edýärler.

2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda «Bereketli Garagum» Döwlet goraghanasynyň maglumat merkezinde we 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Könegümmez obasynda geçirilen okuwda gatnaşyjylar ulanyp boljak öri meýdanlarynyň görnüşleri bilen tanyşdylar. Ak bugdaý etrabynyň Ýerbent we Bäherden etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşikleriniň çäklerinde bahasyna ýetip bolmajak tebigy baýlygy – suwy tygşytly dolandyrmak meýilnamalarynyň işlenip düzülmegi barada pikir alşyldy.

Ýüňi gaýtadan işlemek we dürli önümleriň önümçiligini ösdürmek meselesi uly gyzyklanma we çekişme döretdi.

Şeýle hem çöl öri meýdanlaryny suwarmak we ýerli häkimlikleri we jemgyýetleri bu işe çekmek meseleleri boýunça gürrüňler geçirildi.

Bäherden etrabynyň agrosenagat, suw dolandyryş we tokaý toplumynyň wekilleri, maldarçylyk, suw dolandyryşy we tokaý hojalygynyň hünärmenleri, şeýle hem ýerli jemgyýetleriň wekilleri, çopanlar, mekdep mugallymlary we ätiýaçlyk işgärleri bu işe işjeň gatnaşdylar.

2023-nji ýylyň 20-nji we 21-nji sentýabrynda Daşoguzda fermerleriň Sähra mekdepleriniň işiniň çäklerinde suwaryş ekerançylygyny geçirmegiň aýratynlyklary barada okuw geçirildi.

Okuwa gatnaşyjylar şorluga garşy göreşmek tehnologiýalary we suwarymly topraklaryň meliorasiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň usullary, şol sanda şorluga çydamly ekinleri we miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny öwrendiler.

Taslamanyň hünärmenleri gatnaşyjylara şorluk kartalaryny nähili ulanmalydygyny we ösdürip ýetişdirmek üçin iň amatly ekinleri saýlamak üçin topragyň düzümine agrohimiki derňew geçirmegi öwretdiler.

Bu okuwda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, agrosenagat toplumynyň, tokaý hojalygy we ýer baýlyklary hyzmatlarynyň hünärmenleri, Daşoguz welaýatynyň, şeýle hem etraplaryň häkimlikleriniň wekilleri we Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.