Ï «Haltada husyt» spektaklynyň ilkinji görkezilişi, «Çaýkowskiniň 4-nji simfoniýasy» konserti we paýtagtymyzyň beýleki medeni çäreleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Haltada husyt» spektaklynyň ilkinji görkezilişi, «Çaýkowskiniň 4-nji simfoniýasy» konserti we paýtagtymyzyň beýleki medeni çäreleri

view-icon 4255
«Haltada husyt» spektaklynyň ilkinji görkezilişi, «Çaýkowskiniň 4-nji simfoniýasy» konserti we paýtagtymyzyň beýleki medeni çäreleri

30-njy sentýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda nusgawy fransuz dramaturgy Žan-Batista Molýeriň «Plutni Skapen» (Haltada husyt) atly gyzykly komediýasynyň ilkinji görkezilişi bolar.

Merdan Handurdyýewiň rezissýorlyk eden spektaklynda mekir hyzmatkär Skapiniň hileleri barada gürrüň berer, şeýle hem söýgi, durmuş gurmak temalaryna degip geçer.

30-njy sentýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri nusgawy saz muşdaklaryna «Çaýkowskinyň 4-nji simfoniýasy» we «Dünýä simfoniki sazynyň ajaýyp eserleri» atly konserte çagyrýar.

1-nji oktýabrda sagat 19:00-da Watan kinokonsert merkezinde «Enjoy & friends» atly konsert bolar. Konsert aýdym-saz hitlerini we meşhur rok ýerine ýetirijileriniň aýdymlaryny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda:

30.09.2023: «Gülki agşamy» 19:00;

01.10.2023: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda:

30.09.2023: «Haltada husyt» 19:00;

01.10.2023: «Haltada husyt» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda:

29.09.2023: «Аршын мал алан» 19:00;

30.09.2023: «Приключения Худайберды» 12:00;

30.09.2023: «Исполнитель желаний» 19:00;

01.10.2023: «Золотой цыплёнок» 12:00;

01.10.2023: «Изобретательная влюблённая»19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

30.09.2023: «Janly heýkeller» 19:00;

01.10.2023: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

30.09.2023: «Janly gurjaklar» 17:00;

30.09.2023: «Söýgi bizi halas eder» 19:00;

01.10.2023: «Böwenjik» 17:00;

01.10.2023: «Böwenjik» 19:00;

01.10.2023: «Arşyn mal alan» 19:00.