Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda

view-icon 5710

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýagşy niýet bilen adamy mertebelemek, sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere goldaw bermek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde mukaddes ýörelgä öwrülýär.

Ýurdumyzda adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy 

D.GULMANOWA.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry.